Ýur­du­myz­da şan­ly se­ne – 1941-1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 74 ýyl­ly­gy da­ba­ra­ly ýag­daý­da bel­le­nil­di. “Ýe­ňiş baý­ra­my adam­za­dyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, dost-do­gan­lyk ga­ra­ýyş­la­ry­ny has-da ro­waç­lan­dyr­ýan, yn­san­per­wer­li­gi we hoş­ni­ýet­li­li­gi giň­den da­ba­ra­lan­dyr­ýan şan­ly se­ne­dir” diý­lip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Gut­la­gyn­da bel­le­nip ge­çil­ýär. Paý­tag­ty­myz­da­ky “Halk ha­ky­da­sy” ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­n­da adam­la­ryň köp san­ly­sy ýyg­nan­dy.
“Halk ha­ky­da­sy” ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň “Ba­ky şöh­rat” ýa­dy­gär­li­gi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan gül se­be­di go­ýul­dy. Har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry, zäh­met­keş to­par­la­ryň we­kil­le­ri, şeý­le hem paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň ur­şun­da we­pat bo­lan gah­ry­man­la­ra çuň­ňur hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de ýa­dy­gär­li­ge gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar. Ur­şa gat­na­şan we­te­ran­lar Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Mer­ke­zi ser­ker­de­ler öýün­de gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti­niň hor­mat­ly myh­man­la­ry bol­du­lar, bu ýer­de har­by gul­luk­çy­la­ryň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry wa­tan­çy­lyk aý­dym­la­ry­ny we ede­bi-saz­ly çy­kyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.
Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry tu­tuş ýur­du­myz­da bel­le­nil­di. Şä­her­le­riň we oba­la­ryň ýa­şaý­jy­la­ry ata Wa­ta­ny­my­zyň eder­men go­rag­çy­la­ry­na baş eg­mek bi­len, 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň ur­şun­da we­pat bo­lan mil­li Gah­ry­man­la­ry­my­zyň hor­ma­ty­na di­kel­di­len ýa­dy­gär­li­ge gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar. Äh­li ýer­de şan­ly se­nä­niň hor­ma­ty­na me­de­ni çä­re­ler, dür­li öwüş­gin­li aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar gu­ral­dy.