Şu ýyl Türk­me­nis­tan­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my ge­çi­ri­ler. Mu­nuň özi Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň bä­şi­si­niň Pre­zi­dent­le­ri­niň gol çe­ken Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk derejesi ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­sy­nyň de­giş­li yla­la­şyk­la­ry ga­zan­mak­da we se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek­de mö­hüm çä­rä öw­rü­ler.
Hä­zir­ki dö­wür­de 2019-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da bu Kon­wen­si­ýa­nyň ka­bul edil­me­gi­niň bir ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek yk­dy­sa­dy fo­ru­ma taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Onuň gün ter­ti­bi­ne de­giş­li döw­let­le­riň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň gel­jek­ki ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan giň me­se­le­ler top­lu­my gi­ri­zi­ler.
Hä­zir­ki dö­wür­de her bir ýurt de­ňiz, aw­to­mo­bil, de­mir ýol we ho­wa ugur­la­ry bo­ýun­ça ýo­lag­çy gat­nat­ma­gyň we ýük­le­ri da­şa­ma­gyň döw­re­bap dü­zü­mi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça iri tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ýar. He­re­ket ed­ýän yk­ly­müs­ti ugur­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi we Ha­za­ryň üs­ti bi­len tä­ze hal­ka­ra ge­çel­ge­le­riň dö­re­dil­me­gi goň­şy döw­let­le­riň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan saz­la­şyk­ly ösü­şi üçin mö­hüm şert­le­ri dö­red­ýär. Şeý­le hem ol bu ýurt­la­ryň ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ma­ga, se­bi­ta­ra we hal­ka­ra söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ryn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.
Türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Ga­za­gys­tan – Türk­me­nis­tan – Eý­ran hal­ka­ra po­lat ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi goň­şy döw­let­le­riň ut­ga­şyk­ly ta­gal­la­la­ry­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Bu tas­la­ma se­bit­le­ýin we hal­ka­ra ulag dü­zü­mi­niň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rül­di. Hü­när­men­le­riň tas­syk­la­ma­gy­na gö­rä, bu por­tuň Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar deň­zi­niň tu­tuş se­bi­ti üçin stra­te­gik äh­mi­ýe­ti bar­dyr.
Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lup du­ran ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar. Öň­de bol­jak bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň Ha­zar deň­zi­niň Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da hä­zir­ki za­ma­nyň äh­lu­mu­my me­ýil­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze geoyk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi dö­ret­mek­de wa­jyp orun eýe­le­ýän hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň bi­ri­ne öw­rül­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi gür­rüň­siz­dir.