Paýtagtymyz Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň käbir döwlet düzümleriniň, şol sanda esasy pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, RF-niň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi.
Toparyň taraplarynyň başlyklary duşuşygy açmak bilen, ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösýän hem-de deňhukukly we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýy, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň däbe öwrülen döwletara gatnaşyklary ileri tutulýan ugurlary nazara almak bilen, täze belentlige çykarmaga üýtgewsiz taýýardygy netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny, oba hojalygyny, ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagyny we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Iki ýurduň işewür toparlarynyň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak hem-de onuň sanawyny giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň çäklerinde ynsanperwer hem-de ylmy tehnologiýa ulgamlarda özara gatnaşyklaryň berkidilmegi, hususan-da, bilim, ylym we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda däbe öwrülen gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegi ugrunda çykyş etdiler.
Duşuşygyň jemleri boýunça, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň on birinji mejlisiniň Teswirnamasyndan başga-da, Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Astrahan oblastynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasynda Ähtnama, Türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen S. A. Gerasimow adyndaky Bütinrussiýa döwlet kinematografiýa institutynyň arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty federal döwlet býujet edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.