Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da uly öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar, tä­ze-tä­ze üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li bi­lim ojak­la­ry teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp, türk­men ýaş­la­ry­nyň käm­il bi­lim al­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, türk­men ýaş­la­ry öz­le­ri­niň alan bi­lim­le­ri­ni hal­ka­ra bi­lim olim­pia­da­la­ryn­da hem kä­mil de­re­je­de öz­leş­dir­ýär­ler.
Mek­dep okuw­çy­la­ry­ hal­ka­ra bi­lim olim­pia­da­la­ryn­da tä­ze-tä­ze üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­gy do­wam e­d­ýär­ler. 30-njy ap­rel-5-nji maý ara­ly­gyn­da Mol­do­wa­nyň paý­tag­ty Ki­şi­new şä­he­rin­de 36-njy Bal­kan hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­sy ge­çi­ril­di. Oňa dün­ýä­niň 18 ýur­dundan ýaş ma­te­ma­tik­ler gat­naş­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar hem bar. Ola­ra paý­tag­ty­myz­da­ky Aý­ra­tyn ze­hin­li ça­ga­la­ryň Döw­let mek­dep-in­ter­na­ty­nyň ma­te­ma­ti­ka mu­gal­ly­my Ars­lan Ho­ji­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky to­par gat­naş­dy.
Hal­ka­ra bi­lim bäs­le­şi­gi­ne gat­na­şan türk­me­nis­tan­ly mek­dep okuw­çy­la­ry 4 sa­ny bü­rünç me­da­lyň eýe­si bol­du­lar. Da­şo­guz şä­he­ri­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len 26-njy or­ta mek­de­bi­niň ok­uw­çy­sy Aşyr­gel­di Ata­ýew hem-de Aý­ra­tyn ze­hin­li ça­ga­la­ryň Döw­let mek­dep-in­ter­na­ty­nyň okuw­çy­la­ry Re­sul Şa­mu­ha­me­dow, Ke­mal Ata­ja­now we Ka­dyr­ber­di An­na­ba­ýew baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­dular.
Ýaş ma­te­ma­tik­le­riň ara­syn­dan iň ök­de­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak, ola­ryň yl­my göz­leg­le­re bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik çyl­şy­rym­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2018-nji ýyl­da Belg­rad şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 35-nji Bal­kan hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­syn­da ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar 3 bü­rünç me­da­la eýe bo­lup­dylar.

Röwşen URTMEREDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.