Soňky ýyllarda tutuş dünýäde alternatiw energiýa çeşmelerinden peýdalanylmaga uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde-de, dürli ýurtlarda bu ugurda köp sanly taslamalar durmuşa geçirilýär. Ine, şeýle täsin taslamalaryň biri Germaniýada amala aşyryldy. 14,6 million ýewro sarp edilip, 5 kilometrlik elektroawtoban guruldy. Bu täsin ekologik taslama Gessen federal okrugynda amala aşyrylyp, dünýäniň ilkinji elektroawtobany boldy. 2022-nji ýyla çenli bu asma elektrik ulgamly ýolda elektroýük ulaglarynyň synag gatnawynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine Darmştadt tehniki uniwersiteti bilen “Siemens Mobility” hem-de ENTEGA kompaniýalary gatnaşýar. Bu taslama üçin goşmaça ýene-de 15,3 million ýewro sarp ediler. Elektroýük ulaglarynyň işlenip düzülmegi üçin bolsa, 70 million ýewro harçlanar.
– Elektrik geçirijili ýük ulaglary – ýük gatnawlarynyň daşky gurşawa zyýansyz gatnadylmagy üçin netijeli çözgüt bolup durýar – diýip, ýurduň daşky gurşawy goramak boýunça federal ministrligi mälim edýär.
Şöhrat BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.