Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýaly önümçilikleri döretmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmak babatda köp sanly işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda geçirilýän halkara derejesindäki forumlardyr işewür duşuşyklary söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň has-da berkidilmegine itergi berýär. Şu ýyl ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda 12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna ykjam taýýarlyk görülýär. Bu forum Hökümet wekilleriniň, işewür we ylmy toparlaryň agzalarynyň, halkara guramalaryň wekilleriniň giňişleýin gatnaşmagynda köpugurly ykdysady gatnaşyklaryň binýady bolar. Onuň gün tertibinde: iri taslamalar üçin şertleri döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň ählumumy ähmiýeti barada pikir alyşmak, nebit-gaz, elektrik energiýasy, ulag, söwda, syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge uly üns berler.
Mälim bolşy ýaly, Hazar – ykdysady ösüşleriň deňzi, Hazar – ulag-üstaşyr geçelgeleriň deňzi, Hazar – dostluk deňzi hökmünde öz ornuny aldy. Milli Liderimiziň başda durmagynda Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlary bilen ysnyşykly syýasy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklar ýola goýuldy. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda geçirilen V Hazar sammitinde Hazarýaka ýurtlaryň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Hazaryň hukuk binýady hakynda Konwensiýa gol çekildi. Şol ýokary derejedäki maslahatda hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylda ýurdumyzda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjy bilen çykyş etdi we bu başlangyç gyzgyn goldawa eýe boldy. Şondan soňra ýurdumyzda bu abraýly foruma ykjam taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan metbugat-maslahaty we dürli çäreler geçirilýär. Şol maslahatlarda edilýän çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjynyň köpugurly hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde, sebitiň ägirt uly ykdysady, ulag we energetika mümkinçiligini işe girizmekde, Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi derejesini berkitmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny beýan edýändigi nygtalyp geçilýär.
Ýurdumyzyň möhüm geosyýasy we ulag-aragatnaşyk merkezleriniň biri hem Hazar sebitidir. Bu Türkmenistanyň deňiz ugry boýunça ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň ösüşinde Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly goşulmagynyň möhüm şertidir. Häzirki wagtda Hazar deňzi dostluk deňzi bolup, möhüm ulag-aragatnaşyk ugry hökmünde köpleriň ünsüni özüne çekýär.
Milli Liderimiziň öňe süren döredijilikli başlangyçlary Hazar deňzinde köpugurly gatnaşyklaryň mäkäm şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmekde uly goşant boldy. Türkmenistanyň teklipleri bilen möhüm halkara resminamalar işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi, olaryň hatarynda Hazar deňziniň biologiki serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda ylalaşyk hem-de Hazarda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk hem-de başga-da köp sanly resminamalar bar.
Hazar deňziniň biosfera hazynasy hem deňsiz-taýsyzdyr. Hazaryň balyk baýlygy babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Şol baýlyklardan peýdalanmak, senagat önümçiligini has giňeltmek, şol bir wagtda-da balyklaryň tohumyny, görnüşlerini, goruny köpeltmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan has arassa zolak hasap edilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça amala aşyrylýan iri möçberli taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu taslamanyň çäklerinde bu ýerde “şypahanaçylygyň dürdänesi” döredildi we halkara syýahatçylyk merkezi kemala getirildi.
Daýanç Reýimow,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.