Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da yz­ly-yzy­na utuk ýi­ti­ren Dort­mun­dyň “Bo­rus­si­ýa­sy­nyň” çem­pi­on bol­ma­gy üçin ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­le­riň ha­sa­ba alyn­ma­gy ge­rek. Myh­man­çy­lyk­da “Wer­der” bi­len 2–2 deň­me-deň oý­nan “Bo­rus­si­ýa D” möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 tap­gyr ga­lan­da, sa­na­wyň li­de­ri “Ba­wa­ri­ýa­dan” 4 utuk yz­da bar­ýar. “Ba­wa­ri­ýa” 32-nji tap­gyr­da “Han­no­wer­den” 3–1 üs­tün çyk­dy. “Ba­wa­ri­ýa­nyň” ga­lan 2 oý­ny-da güýç­li, öň­dä­ki orun­la­ra ym­tyl­ýan to­par­lar bi­len bo­lar. Mün­hen­li­le­r il­ki myh­man­çy­lyk­da 3-nji ha­tar­da­ky “Le­ip­sig” bi­len du­şuş­sa, soň­ky tap­gyr­da “Aýnt­rah­ty” ka­bul eder­ler. “Bo­rus­si­ýa D” bol­sa, öz meý­dan­ça­syn­da “For­tu­na Düs­sel­dorf” bi­len du­şu­şa­nyn­dan soň, möw­sü­mi myh­man­çy­lyk­da “Bo­rus­si­ýa M” to­pa­ry bi­len jem­lär.