“Pre­mi­er li­ga­da” ýy­lyň fut­bol­çy­sy – Wan Deýk
Ang­li­ýa­da Pro­fes­sio­nal fut­bol­çy­lar bi­le­le­şi­gi (PFA) “Pre­mi­er li­ga­da” ýy­lyň fut­bol­çy­sy di­ýip, “Li­wer­pu­lyň” gol­lan­di­ýa­ly go­rag­çy­sy Wir­gil Wan Deý­ki saý­la­dy. 27 ýa­şyn­da­ky ýyl­dyz oýun­çy bu ugur­da Ra­him Ster­ling, Ber­nar­do Sil­wa, Ser­hio Ague­ro, Sa­dio Ma­ne hem-de Edin Ha­zard da­gy­dan ta­pa­wut­lan­dy. Ol Den­nis Berg­kamp, Ru­ud Wan Nis­tel­ro­oý, Ro­bin Wan Per­si­den soň, bu hor­ma­ta la­ýyk gör­len 4-nji gol­land fut­bol­çy­sy bol­dy. PFA ýy­lyň ýaş fut­bol­çy­sy di­ýi­bem “Man­çes­ter Si­ti­niň” 24 ýa­şyn­da­ky ýyl­dy­zy Ra­him Ster­lin­gi saý­la­dy. Şeý­le-de Fut­bol žur­na­list­le­ri gu­ra­ma­sy Ra­him Ster­lin­gi ýy­lyň fut­bol­çy­sy di­ýip yg­lan et­di. 400 žur­na­lis­tiň ses ber­me­gin­de Ster­ling bu ugur­da Wan Deýk hem-de Ague­ro­ny yz­da gal­dyr­dy. Ster­ling 48 res­mi oýun­da 23 gol ge­çir­di.
Pro­fes­sio­nal fut­bol­çy­lar bi­le­le­şi­gi ýy­lyň sim­wo­lik to­pa­ry­ny hem yglan etdi. Bu topara der­we­ze­çi Eder­son, go­rag­çy­lar Aý­me­rik La­por­te (“M. Si­ti”), Andr­ýuw Ro­bert­son, Wir­gil Wan Deýk, Trent Alek­san­der-Ar­nold (“Li­wer­pul”), ýa­rym­gor­ag­çy­lar Pol Pog­ba (“M. Ýu­naý­ted”), Ber­nar­do Sil­wa, Fer­nan­di­nio (“M. Si­ti”), hü­jüm­çi­ler hök­mün­de-de Sa­dio Ma­ne (“Li­wer­pul”), Ser­hio Ague­ro, Ra­him Ster­ling (“M. Si­ti”) ýa­ly şu möw­süm­de şow­ly oýun gör­ke­zen oýun­çy­la­r saý­lan­dy.

“Renn” 48, “Aýaks” 9 ýyl ga­raş­dy

Is­pan sü­rü­ji­le­ri­niň üs­tün­li­gi

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 4-nji “Gran Prisi” Is­pa­ni­ýa­da ge­çi­ril­di. Ýur­duň Ka­dis şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ryş­da “Rep­sol Hon­da” to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Mark Mar­kes ýe­ňiş ga­zan­dy. 3-nji ha­tar­dan baş­lan soň­ky 3 ýy­lyň çem­pio­ny Mar­kes 25 aý­la­wy 41 mi­nut 08,685 se­kunt­da ta­mam­lap, şu ýyl­ky 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 46-njy ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Mar­kes­den 1,6 se­kunt yza ga­lan “Su­zu­ki Ecstar” to­pa­ry­nyň is­pan pi­lo­ty Aleks Rins 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Baş­ga bir is­pa­ni­ýa­ly sü­rü­ji, “Mons­ter Ener­gy Ya­ma­ha” to­pa­ry­nyň we­ki­li Ma­we­rik Win­ýa­les ýe­ňi­ji­den 2,4 se­kuntdan soň pel­le­ha­na­dan ge­çip, 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Geçirilen 4 ýa­ryş­dan soň, sü­rü­ji­le­riň sa­na­wyn­da Mark Mar­kes 70 utuk bi­len öň­de bar­ýar. 2–3-nji orun­lar­da­ky Aleks Rins bi­len And­rea Do­wi­zio­so­nyň de­giş­li­lik­de, 69 hem-de 67 utu­gy bar. Möw­sü­miň in­di­ki ýa­ry­şy 19-njy maý­da Fran­si­ýa­da ge­çi­ri­ler.

Iýun aýyn­da bel­li bo­lar

2026-njy ýyl­da ge­çi­ril­jek gyş­ky Olim­pia­da­nyň haý­sy şä­her­de gu­ral­jak­dy­gy­ öňü­miz­dä­ki aý­da bel­li bo­lar. Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­tiniň (IOC) Şweý­sa­ri­ýa­nyň Lozan­na şä­he­rin­de 24–26-njy iýun ara­ly­gyn­da ge­çiril­jek 134-nji umu­my mas­la­ha­tyn­da bu ba­ra­da ka­rar ka­bul ediler. 25-nji gyş­ky Olim­pia­da­ny gu­ra­mak üçin Şwe­si­ýa­nyň Stok­golm bi­len Are şä­her­le­ri bi­le­lik­de hem-de Ita­li­ýa­nyň Mi­lan bi­len Kor­ti­na şä­her­le­ri bi­le­lik­de da­laş­gär bo­lup­dy. Gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň no­bat­da­ky­sy 2022-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­kin­de ge­çi­ri­ler. Pe­kin to­mus­ky hem-de gyş­ky Olim­pia­da­ny geçiren il­kin­ji şä­her ady­ny alar.

Ba­ku­da Lon­don der­bi­si

Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň ýa­rym fi­na­ly­nyň jo­gap oýun­la­ryn­dan soň, Lon­do­nyň 2 to­pa­ry “Çel­si” bi­len “Ar­se­nal” fi­nal­da du­şuş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Lon­don­da­ky “Çel­si”–“Aýnt­raht” du­şu­şy­gyn­da 1-nji oýun­da­ky ha­sap gaý­ta­lan­dy (1–1). 28-nji mi­nut­da ýer eýe­le­rin­den Ru­ben Lof­tus-Çi­giň go­lu­na 49-njy mi­nut­da Lu­ka Ýo­wiç jo­gap ber­di. Oý­nuň ga­lan mi­nut­la­ryn­da, hat­da goş­ma­ça ýa­rym sa­gat­da-da ha­sap üýt­ge­me­di. Pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da 4–3 öňe saý­la­nan “Çel­si” 2013-nji ýyl­dan soň, 2-nji ge­zek fi­na­la çyk­dy. Lon­do­nyň beý­le­ki we­ki­li “Ar­se­nal” myh­man­çy­lyk­da hem “Wa­len­si­ýa­dan” üs­tün çyk­dy. 1-nji oýun­da 3–1 ýe­ňiş ga­za­nan top­çu­lar Is­pa­ni­ýa­da­ky du­şu­şyk­da-da 4–2 ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýer eýe­le­ri­niň gol­la­ry­ny 11-nji we 58-nji mi­nut­lar­da Ke­win Ga­mei­ro, myh­man­la­ryň gol­la­ry­ny-da Pi­er-Eme­rik Oba­me­ýang (17, 69, 88) bi­len Alek­sandr La­ka­zett (50) der­we­zä gi­riz­di. “Ar­se­nal” 2006-njy ýyl­dan soň, bu ýa­ryş­da 2-nji fi­na­ly­ny oý­nar. Fi­nal oýny 29-njy maý­da çar­şen­be gü­ni Azer­baý­ja­nyň paý­tag­ty Ba­ku­da­ky Olim­pi­ýa sta­dio­nyn­da oý­na­lar.