Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem meýilleşdirilen
baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşine degişli meseleler girizildi.
Milli Liderimiz ilki bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, iri desgalardaky gurluşyklarda işleriň ýagdaýy, umumymilli baýramçylyga — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe hem-de Aşgabat şäheriniň gününe we şu aýyň beýleki şanly senelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleriň döredilmegini we şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň düzümleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe, Aşgabat şäheriniň gününe hem-de mekdeplerdäki “Soňky jaň” mynasybetli dabaralary guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hasabatyny hoş habardan başlap, welaýatda pile taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi barada aýtdy. Häkim häzirki oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda galla oragyna görülýän taýýarlyk we ak ekinlere ösüş suwunyň tutulyşy, kadaly gögeriş gazanylan atyzlarda gowaçany ýekelemek, hatararalaryny bejermek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alyp barmak, zyýan berijileriň garşysyna göreşmek boýunça görülýän çäreler, sebitiň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de öňde boljak baýramçylyklaryň guramaçylygy barada milli Liderimize habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa soňky ösüş suwuny tutmak boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtap, bugdaý oragyny üstünlikli geçirmek üçin hemme şertleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy.
Soňra göni wideoaragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow çagyryldy. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, galla oragyny we gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň depgini hem-de öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada hem habar berildi. Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bereketli hasylyň ösdürilip ýetişdirilmegine gönüden-göni bagly bolan ähli agrotehniki çäreleriň doly derejede geçirilmegini berk gözegçilikde saklamalydygyny belledi.
Öz nobatynda ýolbaşçylyk edýän sebitindäki işleriň ýagdaýy barada Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew hasabat berdi. Häkim welaýatda oba hojalyk pudagyna degişli işler, welaýatyň çägindäki desgalarda gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada, çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky möwsüme taýýarlyk görmegiň barşy hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hem-de “Soňky jaň” mynasybetli dabaralary guramak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsümine hemmetaraplaýyn düýpli taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, ony guramaçylykly geçirmek üçin hemme şertleri döretmegi talap etdi.
Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy. Häkim bugdaý oragyny öz möhletinde guramaçylykly geçirmäge görülýän çäreler, gowaçany ýekelemek we hatarara bejergi işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk guramak hem-de ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň barşy, pile taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň geçirilişini, öňde boljak bugdaý oragy möwsümini, ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnamagy guramak üçin hemme zerur çäreleri görmegi berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew hormatly Prezidentimize sebitdäki işleriň ýagdaýy we alnyp barylýan oba hojalyk işleri, hususan-da, daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen kemala getirilýän gallany ýygnamaga görülýän taýýarlyk işleri, ýokary bahaly gögeriş alnan meýdanlarda gowaçany ýekelemek hem-de hatarara bejergi işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alyp barmak boýunça dowam edýän işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini we hilini has-da ýokarlandyrmak meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyryp, Türkmenistanda giňden we dabaraly bellenilýän ählihalk baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi hem-de mekdeplerde “Soňky jaň” dabaralaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny wideokonferensiýa görnüşinde dowam edip, Ahal welaýatynyň zähmetkeşlerini pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri bilen gutlady we olara täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Beýleki welaýatlaryň ýüpekçileri hem bu gymmatly çig maly taýýarlamak işlerini üstünlikli jemlemelidirler.
Milli Liderimiz eziz Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Bu gün Türkmenistan bugdaýy daşary ýurtlara eksport edýän ýurda öwrüldi. “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynda hem ak bugdaýyň bereketli hasyly kemala getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmekde öňdebaryjy ylym-bilimiň we döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna taýýarlyk meselelerine ünsi çekip, möhüm oba hojalyk möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini, şol sanda ähli tehnikalaryň sazlaşykly işiniň we olara edilýän tehniki hyzmatlaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli ilatyny ýakynlaşyp gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady hem-de hemmelere berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.