Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dost-doganlyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk söýüjilik ýaly ajaýyp ýol-ýörelgeleri bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen barýan Türkmenistanyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl hem ynsanperwer syýasaty netijesinde, ata Watanymyz günsaýyn gülläp ösýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar raýatlary bu günki gün ata-babalarymyzyň arzuwlan bagtyýar zamanasynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.
Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslarynyň berk binýady goýuldy. Şeýle hem Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary – Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy kesgitlenendir. Ýurdumyzyň bu döwlet nyşanlarynda halkymyzyň ruhy erk-islegini beýan edýän ähli alamatlar öz beýanyny tapýar.
Bu günki gün Türkmenistanyň özbaşdaklygynyň we özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy bolup parlaýan ýaşyl Baýdagymyz halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Türkmen halky milli Baýdagymyzy abadançylygyň, asudalygyň, döwletliligiň nyşany hasaplaýar we bu baýramçylygy döwlet derejesinde belläp geçýär. “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda ýaşyl Tugymyzyň baýramynyň ähmiýeti has-da uludyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni bilen bilelikde bellenilip geçilmegi Baýdagymyzyň milli gymmatlyk derejesini ýene bir ýola tassyklaýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Döwlet baýdagymyza goýulýan sarpa has-da belende galýar. Arkadag Prezidentimiziň agzybir halkymyza bagyş eden bagtyýarlyk zamanasynda parahatçylygyň, abadançylygyň, agzybirligiň özboluşly nyşany bolan Baýdagymyz al-asmanda parlaýar. Çünki Baýdagymyzda türkmen halkynyň ýeňşi, baky şöhraty öz beýanyny tapýar. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherimiziň iň gözel ýerinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp künjeginde, ýurdumyzyň her bir edara-kärhanalarynyň öňünde parlap duran Baýdagymyz her bir adamyň köňül guşuny ganatlandyrýar. Türkmeniň nurana ruhy dünýäsini, onuň parahatçylyk söýüjilige bolan isleg-arzuwlaryny bütin dünýä ýaýýar.
Ýaşyl Baýdagymyz dünýä ýurtlarynyň baýdaklarynyň içinde türkmeniň ajaýyp bahar paslyny alamatlandyryp, gözelligiň beýik nusgasy bolup, görenleri haýran galdyrýar. Döwlet baýdagymyz bu günki gün Birleşen Milletler Guramasynyň belent binasynyň öňünde buýsanç bilen parlaýar. Türkmenistan döwletimiziň Baýdagynda Garaşsyzlygymyzyň we döwlet Bitaraplygymyzyň nyşany öz beýanyny tapýar. Baýdagymyzda bäş sany haly gölleri ýerleşdirilendir. Bu türkmen halkynyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň özboluşly nyşanydyr. Döwlet baýdagymyzdaky Aýyň şekili abadançylygy, bäş ýyldyz bolsa, bäş welaýatymyzy aňladýar. Onuň ýüzündäki iki sany zeýtun baldagy Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň ykrarnamasydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşyl Tugumyz bize her bir işde joşgun, güýç-gaýrat, ylham, hyjuw berýär. Döwlet derejesinde il-ýurt bähbitli geçirilýän özgertmeler halkymyzy abadanlyga, asudalyga, parahatçylyga, nurana geljege alyp barýar.
Gülşirin Agaýewa,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň mugallymy.