Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi, şeýle hem olaryň adyna Türkmenistanyň Prezidentiniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinden gelip gowşan Gutlaglar bu çäräniň ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär.
Forum “Arkalaşygyň umumy ynsanperwer giňişligi: medeniýet, bilim we ylym ulgamynda söhbetdeşlik” diýlip atlandyryldy. Onuň gün tertibine häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, degişli ugurlarda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny hem-de bilelikde işlemegiň ileri tutulýan ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemek meseleleri girizildi. Wekilleriň 200-e golaýy – Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň we Russiýanyň görnükli jemgyýetçilik hem-de sungat işgärleri, alymlary, medeniýet edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri “Mekan” köşgünde geçirilen foruma gatnaşdylar.
“Mekan” köşgüniň eýwanynda muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş sungaty eserleriniň hem-de halkymyzyň amaly-haşam döredijiliginiň, fotosuratlaryň we kitaplaryň sergisi guraldy. Maslahat başlanmazdan öň GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna gatnaşyjylaryň surata düşmek dabarasy boldy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Arkalaşyga girýän ýurtlaryň wekillerini mübärekläp, bu halkara forumynyň dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara tejribe alyşmakda, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, döredijilik we ylmy ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen birek-biregi tanyşdyrmakda örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Wladimir Tolstoý Russiýanyň Lideri Wladimir Putiniň GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.
Soňra forumyň umumy mejlisi geçirildi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew mejlisde çykyş edip, forumyň Arkalaşygyň ynsanperwer durmuşynda möhüm çäre hökmünde öz ornuny we abraýyny ýylsaýyn pugtalandyrýandygyny belledi. Ylym, sungat, bilim işgärleriniň gös-göni gatnaşyklary medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bu gün bolsa, forumyň iş ýüzünde täze pikirleriň, taslamalaryň, başlangyçlaryň kuwwatly badalgasyna öwrülendigini belledi. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň başlygy Polat Bilbil ogly öz çykyşynda ýaşlar syýasaty we bilim baradaky işler barada durup geçdi.
Forumyň çäklerinde ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda gazanylanlar üçin gowşurylýan “Arkalaşygyň ýyldyzlary” döwletara baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu baýraga mynasyp bolanlaryň hatarynda Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Ýekelikde aýdym aýtmak” kafedrasynyň professory Atageldi Garýagdyýewiň hem bolmagy buýsançly wakadyr.
Umumy mejlis tamamlanandan soň, “Mekan” köşgünde metbugat maslahaty guralyp, onda GDA-nyň giňişliginde köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bagyşlanyp, sorag-jogaplar alşyldy.