2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň maksatnamasynyň çäklerinde oba hojalyk pudagyna degişli birnäçe çäreler geçirildi. Onuň çäklerinde GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky 22-nji mejlisi, Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergi we “Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.
Oňa hünär ugurly ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, biziň ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň ylmy-barlag hem-de önümçilik merkezleriniň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň sergä we halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Biz oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, pudakda işleri dünýä ylmynyň gazanan baý tejribesi bilen utgaşykly alyp barmakda, türkmen daýhanynyň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda mundan beýläk hem ähli tagallalary ederis. Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da çaltlandyrmak, Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek baradaky ýörelgelerimizden ugur alyp, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagy üçin dünýäniň iň kämil, ýokary öndürijilikli tehnikalaryny we gurallaryny yzygiderli satyn almak, tarp ýerleri özleşdirmek, ekinleri suw bilen üpjün etmegi talabalaýyk ýola goýmak boýunça geçirilýän işleri elmydama üns merkezinde saklarys” diýip bellenilip geçilýär.
Milli Liderimiziň Gutlagyndan hem görnüşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmek babatda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalary giňden ornaşdyrylyp, täze-täze zähmet üstünlikleri gazanylýar. Oba hojalyk pudagynda gazanylýan her bir üstünlikde hormatly Prezidentimiziň goldawyndan ruhlanan oba zähmetkeşleriniň ýadawsyz yhlasynyň paýy bardyr.
Paýtagtymyzda geçirilen halkara çärelerde oba hojalyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ogulhajat Jumagulyýewa,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.