18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Şu günler ýurdumyzyň çar künjünde şanly baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çäreler barha giň gerim alýar. Bu ajaýyp baýramçylygyň Esasy Kanunymyzyň Döwlet baýdagymyz bilen baglanyşdyrylmagynyň çuňňur we taryhy manysy bar. Türkmen halkynyň berkarar we bagtyýar döwlet, agzybirlik we asudalyk baradaky arzuwlary mukaddeslikleriň ikisinde hem öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, ynsanperwerlige, ruhubelentlige badalga berýär, ajaýyp geljege berk ynam döredýär. Döwlet baýdagymyzyň ýaşyl reňkinde, milli agzybirligimizi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarym aý şekillerinde, şanly taryhymyzdan söhbet açýan täsin haly göllerinde, parahatçylygy we bitaraplygy alamatlandyrýan zeýtun şahajyklarynda merdana pederlerimiziň erkin we Garaşsyz Watan, berkarar döwlet hakyndaky beýik arzuwlary jemlenendir. Ýaşyl Tugumyz dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda belentden parlaýar. Bu bolsa, mähriban halkymyzyň hem-de eziz Watanymyzyň uly abraýydyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz ynamly öňe barýar. Bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, kanunçylyk ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy biziň milli buýsanjymyzdyr. Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi Konstitusiýamyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşýan Konstitusiýa binasy bolsa, döwletimiziň hukuk binýadyny emele getirýän Esasy Kanunymyza bolan sarpamyzyň nyşanydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ak mermerli paýtagtymyzda çar ýana ýalkym saçyp duran, Ginnesiň rekordlar kitabynda hem mynasyp orun alan Döwlet baýdagymyz döwlet häkimiýetiniň resmi nyşany bolup, ol bizi bedew batly ösüşlere, uly üstünliklere we milliligimize buýsanmaga ruhlandyrýan uly güýçdür. Türkmen halky öz Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra, özüniň döwlet nyşanlaryny döretmäge mümkinçilik aldy. Baýdak halkyň we milletiň dünýäniň ýüzünde barlygynyň subutnamasy bolup durýar.
Aknur Hamraýewa,
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy
institutynyň talyby.