Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ahlak taýdan kämil nesliň kemala gelmegine uly üns berýär. “Bagtyýar nesillerimiziň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we durmuş taýdan kämil ösmegini üpjün etmek Türkmenistan Watanymyzyň durnukly ösüşiniň örän möhüm şertleri bolup durýar” diýip, milli Liderimiz nygtaýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, bilim ulgamyny has-da ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerinde “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny hil taýdan täze derejä çykarmak bu möhüm resminamanyň esasy wezipeleriniň biridir. Häzirki wagtda ony tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar. Elektron maglumat gorlarynyň döredilmegini, olaryň zerur bolan maglumatlar bilen baýlaşdyrylmagyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Dünýä ylmynda döredilen iň täze tehnologiýalary ylym, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrmaga uly üns berýän Gahryman Arkadagymyz ýaş nesle bilim bermegiň ähli basgançaklarynyň ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilmegi, bilim berlişiniň hilini has-da ýokarlandyrmaga, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň çuň mazmunly häsiýete eýe bolmagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän tutumly işler geljekki Watan eýeleriniň ylymly-bilimli, döwrebap düşünjeli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, sapaklary täzeçe usulda guramak, öňdebaryjy iş usullaryny tejribä ornaşdyrmak her bir bilim işgäriniň borjudyr.
Sanly bilim ulgamy döwrüň talabydyr. Ol ösen tehnologiýaly dünýäde ýurdumyzyň öň hatarlara çykmagy üçin özboluşly binýat bolup hyzmat edýär. Şonuň üçinem biz Gahryman Arkadagymyzyň: “Döwletimiziň geljekki gülläp ösüşleri bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, ösen düşünjeli, ukyply ýaşlara baglydyr” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, dünýä tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan bilimli hem-de zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys. Munuň üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!
Seýitmämmet Ýusubow,
Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň
müdiri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi,
Etrap halk maslahatynyň agzasy.