San­ly ul­gam halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ry­ny gur­şap al­dy. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ryny or­naş­dyr­mak her bir pu­da­gyň işi­niň aň­sat­laş­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Bu ul­gam ne­bit­gaz pu­da­gyn­da hem giň­den or­naş­dy­ryl­ma­ga baş­lan­dy. 2019-njy ýyl­da ne­bit­gaz kom­pa­ni­ýa­la­rynyň býu­je­ti­niň 8 gö­te­ri­mi­niň ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de san­ly ul­ga­my ulan­mak üçin sarp edilmegi me­ýil­leş­dir­ilýär. Bu ba­ra­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “Wo­od Macken­zie” yl­my-bar­lag kom­pa­ni­ýa­sy bel­läp geç­ýär. Onuň ge­çi­ren sel­jer­me­le­ri­ne gö­rä, bütin dün­ýä­dä­ki bu ug­ra de­giş­li 258 kom­pa­ni­ýa ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň göz­leg işi­nde san­ly ul­gam­dan peý­da­lan­ma­gy we mu­nuň üçin ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni gö­nük­dir­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di.
Eme­li aň bi­len en­jam­la­ryň iş­le­dil­me­gi, seýs­mologik bar­lag­la­ryň ge­çi­ril­me­gi we şu­ňa meň­zeş iş­lerde san­ly ul­gam­dan peý­da­lan­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da “BP”, “Equi­nor”, “Exxon­Mo­bil”, “Shell”, “To­tal” we “Eni” kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar.
Mübärek GOŞAÝEWA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.