Hytaýyň Şanhaý şäheriniň iri awtobus kompaniýasy “Shanghai Jiushi” ýörite tehnologiýalar bilen gaýtadan işlenilen azyklyk ýagdan öndürilen biodizel ýangyç bilen hereket edýän awtobuslaryň gatnawyny ýola goýdy. Hytaýyň metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, Şanhaý şäherinde 2 müňden gowrak awtobus täze ýangyç bilen hereket edip başlady. Awtobuslar “B5” ýangyjy ulanýarlar. Onuň düzüminiň 5 göterimini jemgyýetçilik iýmiti ýerlerindäki ösümlik ýagynyň gaýtadan işlenilmegi bilen emele getirilen biodizel tutýar. Galan 95 göterimi bolsa, adaty dizel ýangyjydyr. Biodizel ýangyjy üçin lagym ulgamyna goýberilen ýaglary hem gaýtadan işläp, ulanmak bolar.
Şanhaýda her ýyl 30 müň tonna çenli azyklyk ýagy gaýtadan işläp, “B5” biodizel ýangyjynyň 600 müň tonnasyny öndürmek mümkinçiligi bar. Biodizel ýangyjynyň howa goýberilýän hapa gazlaryň möçberiniň 10 göterim azalmagyna kömek berýändigi tassyklandy.
Serdar BÄŞIMOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.