Türkmenistanyň futbol çempionatynda 9-njy tapgyryň merkezi oýnunda “Ahal” bilen “Altyn asyryň” duşuşygynda deňlik hasaba alyndy. 1-nji aýlawda bolşy ýaly, bu oýun hem deňlikde tamamlandy. Iki toparyň 1-nji oýnunda hasap açylmandy. 25-nji we 32-nji minutlarda Altymyrat Annadurdyýewiň gollary bilen öňe saýlanan “Altyn asyr” bu üstünligini saklap bilmedi.78-nji minutda Döwran Orazalyýew, 81-nji minutda-da Merdan Gurbanow tapawutlanyp, olar “Ahala” 1 utuk gazandyran oýunçylar boldy. Şeýlelikde, “Ahal” bassyr 4-nji gezek deňme-deň oýnady. 2–1 hasaby bilen tamamlanan oýunlarda “Şagadam” öz meýdançasynda “Köpetdagy” (Hemra Amanmämmedow 23, 56 — Nurýagdy Muhammedow 67), “Aşgabat” bolsa myhmançylykda “Energetigi” ýeňlişe sezewar etdi (Söhbet Allanurow 19 p — Orazgeldi Myradow 49 p, Nazar Tuwakelow 80). “Merw” bilen “Nebitçi” toparlarynyň oýnunda ýeňiş gazanan bolmady. Ýer eýerleri 11-nji minutda Akmyrat Begjanowyň awtogoly bilen öňe saýlandy. 61-nji minutda bolsa, başga bir awtogol oýnuň hasabyny kesgitledi. Ony “Merwiň” tejribeli oýunçysy Ýewgeniý Tkaçenko öz derwezesine girizdi.