Formula1 boýunça möwsümiň 5-nji ýaryşynda-da “Mercedes” topary goşa üstünlik gazandy. Barselonada (Ispaniýa) geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanmak gezegi Lýuwis Hamiltonyň paýyna düşüp, ol topardaşy Waltteri Bottasyň ilkinji hatardan başlan bäsleşiginde ýeňiji boldy. 68 aýlawy 1 sagat 35 minut 50,443 sekuntda geçmegi başaran Hamilton şu ýylky 3-nji, karýerasyndaky 76-njy ýeňşini baýram etdi. Topardaşyndan 4,074 sekunt yza galan Bottas 2-nji, “Red Bulluň” golland sürüjisi Maks Werstappen bolsa 3-nji ýeri eýeledi. Häzirlikçe garaşylyşyndan juda pes çykyş edýän “Ferrari” toparynyň sürüjileri — Sebastian Wettel bilen Şarl Lekler 4–5-nji orunlary paýlaşdylar. Utugyny 112-ä ýetiren Hamilton 1-nji, 105 utukly Bottas 2-nji hatarda barýar. 3-nji orundaky Werstappeniň 66 utugy bar. Möwsümiň indiki ýaryşy 26-njy maýda Monakoda geçiriler.