Iýun aýy­nyň 1-ine Mad­rid­de “Li­wer­pul” bi­len “Tot­ten­ham” to­par­la­ry­nyň ara­syn­da oý­nal­jak UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň fi­na­lyn­da slo­we­ni­ýa­ly Da­mir Sko­mi­na jür­le­wük ça­lar. 42 ýaş­ly Sko­mi­na mun­dan öň 2012-nji ýyl­da “Çel­si” bi­len “At­le­ti­ko­nyň” ara­syn­da­ky Su­per ku­bok du­şu­şy­gy­na, 2017-nji ýyl­da bol­sa, “Aýaks” bi­len “Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň” ara­syn­da Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň fi­na­ly­na emin­lik edip­di. Şeý­le-de 29-njy maý­da Ba­ku şä­he­rin­dä­ki Olim­pi­ýa sta­di­onyn­da “Çel­si” bi­len “Ar­se­na­lyň” ara­syn­da­ky Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň fi­na­ly­na bol­sa, ita­li­ýa­ly Jan­luka Rok­ki emin­lik eder.

Gol­lan­di­ýa­ly meş­hur hü­jüm­çi Ro­bin Wan Per­si fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­laýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Ol 2001-nji ýyl­da “Fe­ýe­noord­da” pro­fes­sio­nal de­re­je­de fut­bo­la baş­la­ýar. Wan Persi “Ar­se­nal” (2004–12), “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” (2012–15), “Fe­ner­bah­çe” (2015–18) hem-de ýe­ne bir ýo­la “Fe­ýe­noord” (2018–19) to­par­la­ryn­da oý­na­ýar. Mil­li to­par­da 102 oýun­da 50 gol ge­çi­ren Wan Per­si­niň Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da 1 kü­müş, 1 bü­rünç me­da­ly bar. Ol umu­my­lyk­da klub­lar­da 590 oýun­da 272 gol ge­çir­di.

Ita­li­ýa­nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da “La­sio” bi­len “Ata­lan­ta” du­şuş­dy. Rim­dä­ki Olim­pi­ýa sta­dio­nyn­da oý­na­lan du­şu­şyk­da “La­sio” gar­şy­da­şy­ny soň­ky mi­nut­lar­da ge­çi­ren gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Rim­li­le­re ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry 82-nji mi­nut­da Ser­geý Mi­lin­ko­wiç-Sa­wiç, 90-njy mi­nut­da-da Hoa­kin Kor­rea der­we­zä gi­riz­di. “La­sio” bu ku­bo­gy 7-nji ge­zek ga­zan­ma­gy ba­şar­dy (1958, 1998, 2000, 2004, 2009, 2013, 2019). 1963-nji ýyl­da ku­bo­gy alan “Ata­lan­ta” 3-nji ge­zek fi­nal­da utul­dy (1987, 1996, 2019).

Tür­ki­ýä­niň Ku­bo­gy­na “Ga­la­ta­sa­raý” to­pa­ry my­na­syp bol­dy. Olar fi­nal­da ge­çen ýy­lyň ýe­ňi­ji­si “Ak­hi­sars­po­ry” 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, ku­bo­gy 18-nji ge­zek as­ma­na gö­ter­di. “Ak­hi­sar” to­pa­ry 57-nji mi­nut­da El­wis Ma­nu­nyň go­ly bi­len öňe saý­la­nan hem bol­sa, üs­tün­li­gi­ni sak­la­mak ba­şart­ma­dy. 80-nji mi­nut­da pe­nal­ti­ni dürs uran Si­nan Gü­müş, 88-nji mi­nut­da So­fi­an Fe­gu­li hem-de 90+4-nji minutda Mba­ýe Žag­ne “Ga­la­ta­sa­ra­ýa” ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy­lar bol­dy.

Fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji pro­fes­sio­nal klub ha­sap­lan­ýan “Notts Ka­un­ti” 2-nji li­ga­dan hem aşak düş­di. Şun­luk­da, Not­tin­gem şä­he­ri­niň ta­ry­hy klu­by tä­ze möw­süm­de hö­wes­jeň­ler li­ga­syn­da, ýagny pro­fes­sio­nal däl li­ga­da çy­kyş eder. 1862-nji ýyl­da dö­re­di­len klub­da Sol Kamp­bell, Kas­per Şmeý­hell ýa­ly fut­bol­çy­lar hem oý­nap­dy.

Şweý­sa­ri­ýa­nyň iň köp çem­pi­on bo­lan to­pa­ry, ýur­duň iň ga­dy­my klub­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “Gras­shop­pers” 70 ýyl­dan soň, aşa­ky li­ga düş­di. Umu­my­lyk­da, 27 çem­pi­on­lyk bi­len 1-nji ha­tar­da bar­ýan “Grass­hop­pers” soň­ky sa­par 1949-njy ýyl­da 2-nji li­ga­da oý­nap­dy.