Ame­ri­ka­nyň Mil­li bas­ket­bol li­ga­sy NBA-da kon­fe­ren­si­ýa­la­ryň fi­na­ly­na çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. Gün­do­gar kon­fe­ren­si­ýa­da “Mil­wa­ki Baks” to­pa­ry “Bos­ton Sel­tik­si” 5 oý­nuň 4-sin­de ýe­ňip (4–1) fi­na­la çyk­dy. Onuň fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy “To­ron­to Rep­tors” 7 oýun­dan soň, “Fi­la­del­fi­ýa 76ers” to­pa­ryn­dan üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy (4–3). Gün­ba­tar kon­fe­ren­si­ýa­da hem fi­nal­çy­la­ryň bi­ri 7 oýun­dan soň kes­git­le­nip, “Port­land Treýl Bleý­zers” to­pa­ry “Den­wer Nag­get­si” 4–3 ha­sa­byn­da ýeň­di. Soň­ky çem­pi­on “Gol­den Steýt War­riorsa” “Hýus­ton Ro­kets­den” öňe saý­lan­ma­gy üçin 6 du­şu­şyk ge­rek bol­dy (4–2). Fi­nal oýun­la­ry­nyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ta­mam­la­nyp, “Gol­den Steýt” öz meý­dan­ça­syn­da “Port­lan­dy” 116:94 ýeň­di. Gün­do­gar kon­fe­ren­si­ýa­da-da “Mil­wa­ki Baks” öz meý­dan­ça­syn­da “To­ron­to­ny” 108:100 ha­sa­byn­da ut­dy.