Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bilen dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi babatda täze-täze ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyklar döredilýär. Ine, şu hepdäniň dowamynda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 13-nji mejlisi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi geçirildi.
23-nji maýda Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 13-nji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň wise-prezidenti Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygynda Ýaponiýanyň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewürler düzümleriniň wekilleriniň uly topary türkmen paýtagtyna geldi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan esasy ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şu gezekki mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, göni işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, dürli ulgamlarda bilelikdäki kärhanalary döretmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek meseleleri girizildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň şu gezekki mejlisinde nebitgaz we nebithimiýa pudaklaryna hem aýratyn üns berildi. Şeýle hem ulag-logistika we kommunikasiýa ulgamynda, oba hojalygynda we bähbitleriň özara sazlaşýan beýleki ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin has giň mümkinçilikler açylýar. Komitetiň mejlisiniň dowamynda taraplar ylym we bilim ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň jemleri boýunça netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
* * *
Paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryna seredildi. Bu mejlise gatnaşmak üçin ýurdumyza Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Igor Lýaşenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilmegine, özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen anyk çäreleri we geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.