Ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de tä­ze bi­na­la­ryň bir­nä­çe­si ulan­ma­ga be­ril­di. Dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň ulan­ma­ga be­ril­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry baş ýö­rel­ge edin­ýän sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­my­zyň Pa­ra­hat-7/3 ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da gur­lan 4 sa­ny jaý, şeý­le hem Büz­me­ýin et­ra­byn­da gur­lan se­ýil­gäh ýa­şaý­jy­la­ra aja­ýyp sow­gat bol­dy.
Bu şä­her­çe­dä­ki üç ja­ýyň her bi­rin­de 108 öý we beý­le­ki­sin­de 54 öý bar. Tä­ze jaý­la­ra gö­çüp gel­mek bag­ty mi­ýes­ser eden maş­ga­la­la­ra amat­ly öý­le­riň açar­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy. Şeý­le hem Pa­ra­hat-7 ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry we döw­re­bap ýol­lar bi­len bi­le­lik­de 9 gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 23-si­niň we hä­zir­ki za­man se­ýil­gä­hiň gur­lu­şy­gy­nyň düý­bi tu­tul­dy.
* * *
Ka­ka et­ra­by­nyň çä­gin­de to­wuk eti­ni we ýu­murt­ga ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen döw­re­bap guş­çu­lyk top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedowyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň, ýer­li hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň hem-de ýaş­la­ryň, köp san­ly ýer­li hal­kyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ru­dy­gy bel­le­nil­di. “Röw­şen-Ra­hym” daý­han ho­ja­ly­gy­nyň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da “Goz­gan Ga­la” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň bi­na eden guş­çu­lyk top­lu­my ýyl­da 30 mil­li­on ýu­murt­ga we 80 ton­na guş eti­ni ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Onuň çä­gin­de dört in­ku­ba­tor bo­lup, şo­lar­da bir­ba­da 100 müň to­wuk sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik bar. Şeý­le hem top­lu­ma uzak­möh­let­le­ýin esas­da peý­da­lan­mak üçin 105 gek­tar ýer bö­lü­nip be­ril­di.
* * *
Le­bap we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de dört gat­ly tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Ze­li­li kö­çe­si­niň ugrunda gurlan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň bi­ri 3 we 4 otag­ly öý­le­riň 32-sin­den, beý­le­ki­si bol­sa 24-sin­den yba­rat­dyr.
Şeý­le hem Baý­ra­ma­ly şä­he­rin­de ulanmaga berlen iki ­sany iki gat­ly iri pa­nel­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň her­sin­de iki we üç otag­ly öý­le­riň 8-si ýer­leş­di­ri­lip, şo­lar­da amat­ly otag­lar ýo­ka­ry hil­li gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni peý­da­lan­mak ar­ka­ly bi­na edil­di.