Ýew­ro­pa­nyň awia­gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy “Air­bus” Pa­ri­žiň aw­to­nom ulag eda­ra­sy (RATR) bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Şol res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Pa­ri­žiň çäk­le­rin­dä­ki ho­wa gi­ňiş­li­gin­de “Air­bus” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len uç­ýan ulag­la­ryň he­re­ke­ti­ni ýo­la goý­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Bu ba­bat­da UAM (“Ur­ban Air Mo­bi­li­ty”, “Şä­her üçin ho­wa ula­gy”) mak­sat­na­ma­sy ýo­la go­ýul­dy. Şol mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de kom­pa­ni­ýa bir­nä­çe uç­ýan en­jam­la­ry iş­läp düz­me­gi mak­sat edin­ýär. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa bu mak­sat­na­ma­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek üçin “Sky­wa­ys” at­ly ýe­ňil ýük­le­ri da­şa­mak üçin uç­ýan en­ja­myň üs­tün­de iş­le­ýär. Bu en­jam bi­na­nyň ka­bul ediş be­ke­di­ne go­nar we şol ýer­dä­ki ýö­ri­te gu­ta sar­gyt edi­len ha­ryt goý­lar hem-de ha­ry­dyň bel­gi­si müş­de­rä ha­bar ber­ler. Mun­dan baş­ga-da, “VOOM” at­ly uç­ýan tak­si hyz­mat­la­ry bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.

Ruslan NURÝAGDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.