Şu ýylyň 10-20-nji iýuly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň komitetiniň 40-njy mejlisi geçiriler. Oňa gatnaşyjylar Bütindünýä mirasynyň sanawyna 29 sany tebigy, medeni, şeýle hem dürli binalary girizmek baradaky teklipleri ara alyp maslahatlaşar. Olaryň hatarynda Günbatar Týan-Şan daglary we ýurdumyzyň Gündogar çäklerinde ýerleşýän Köýtendag ekoulgamy hem bar. Günbatar Týan-Şan daglaryny (Asman daglary) bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky teklipler Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan we Özbegistandan gelip gowuşdy. Sanawyň üstüni tebigy toplum bilen doldurmak boýunça geçiriljek maslahata Türkmenistandaky Köýtendag ekoulgamy hödürlendi. Bütindünýä mirasynyň sanawynda Bütindünýä medeni we tebigy miras Konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň müňden gowrak taryhy we tebigy ýadygärlikleri bar.