Ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşi bolan welosiped adamzat durmuşyna giň­den or­naş­dy. Dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­de bol­şy ýa­ly, Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da hem ula­gyň bu gör­nü­şi­ne bo­lan is­leg bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Şeý­le ýurt­la­ryň bi­ri hem Weng­ri­ýa­dyr. Ýurt­da her ýyl ön­dü­ril­ýän 400 müň­den gow­rak we­lo­si­pe­diň 220 mü­ňü­si içer­ki ba­zar­da ýerlenilýär, ga­lan bö­le­gi bol­sa, eks­port­a ug­ra­dyl­ýar. Bu ba­ra­da Weng­ri­ýa­nyň we­lo­si­ped ön­dü­ri­ji­ler we sa­ty­jy­lar as­so­sia­si­ýa­sy ha­bar ber­di.
Ýew­ro­pa yk­ly­myn­da ön­dü­ril­ýän we­lo­si­ped­le­riň 3 gö­te­ri­mi Weng­ri­ýa­da ön­dü­ril­ýär. Bu önüm­çi­lik­de Weng­ri­ýa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bo­ýun­ça 7-nji orun­da dur­ýar. As­so­sia­si­ýa gel­jek­de ýer­li önüm­çi­lik­de elekt­rik to­gy bi­len he­re­ket ed­ýän pe­dal­ly we­lo­si­ped­le­riň önüm­çi­li­gi­ne gi­riş­me­gi mak­sat edin­ýär.

Güljahan NURLYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.