Nepalyň raýaty Ewerest dagyna 24-nji gezek çykyp, bu ugurda dünýä rekordyny goýdy. 49 ýaşyndaky Kami Rita 8848 metr belentlikdäki Jomalungma gerşine çykmagy başardy. Ol bu gezekki daga syýahatyndan ozal beren beýanatynda dagyň depesine çykmagy 25-nji gezekden soňra bes etmegi meýilleşdirýändigini hem belläp geçdi.
Kami Rita ilkinji gezek Ewerest dagyna 1994-nji ýylda, iň soňky gezek bolsa, 2018-nji ýylyň 16-njy maýynda çykypdy. Bir ýyldan soňra ýene-de dagyň depesine çykmak babatdaky başdan geçirmesini täzeledi. Ýöne bu ýyl ol maý aýynyň dowamynda 2 gezek – 15-nji maýda we 21-nji maýda amala aşyrdy.