ABŞ-da iň gym­mat ko­fe San-Fran­sis­ko şä­he­rin­de (Ka­li­for­ni­ýa şta­ty) sa­tyl­ýar. Bu iç­gi­niň ýö­ri­te görnüşiniň bir bul­gu­ry 75 dol­la­ra deň­dir. “CNN” te­le­ýaý­ly­my­nyň taý­ýar­lan gep­le­şi­gi­ne gö­rä, ko­fe­niň bu gym­mat ba­ha­ly görnüşi “Eli­da Ge­is­ha Na­tu­ral” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Pa­na­ma­da­ky söw­da-sa­tu­wyn­da bu ko­fe­niň 1 fun­ty (0,45 kg) 803 dol­la­ra sa­tyl­dy. “Klatch Cof­fee” kom­pa­ni­ýa­sy 5 ki­log­ra­ma go­laý ko­fe sa­tyn al­dy. Umu­man, söw­da-sa­tu­wyn­da ko­fe­niň bu gör­nü­şi­niň 45 ki­log­ra­my sa­tyl­dy.
“Klatch Cof­fee” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­la­ryn­dan Bo Tia­ra ko­fe­niň bu gör­nü­şi­niň di­ňe öz­le­rin­de bar­dy­gy­ny, ony müş­de­ri­le­re hö­dür­le­mek üçin ta­gal­la ed­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di. Kom­pa­ni­ýa ko­fe­niň dä­ne­le­ri­ni in­ter­net ar­ka­ly hem sat­ýar. Onuň 20 gra­my 75 dol­la­ra deň­dir. Şon­dan bir bul­gur ko­fe taý­ýar­la­mak bo­lar.

Nargiza ROZYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.