Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ýe­ňi­ji bu ýyl hem üýt­ge­me­di. Soň­ky 3 ýy­lyň çem­pio­ny Fran­si­ýa­nyň “Li­on” to­pa­ry bas­syr 4-nji, umu­my­lyk­da-da 6-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy (2011, 2012, 2016, 2017, 2018, 2019). Fran­suz to­pa­ry­nyň gyz­la­ry Weng­ri­ýa­nyň paý­tag­ty Bu­da­peşt­dä­ki “Grou­pa­ma Are­na­da” oý­na­lan fi­nal­da Is­pa­ni­ýa­nyň “Bar­se­lo­na­sy­ny” 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Oý­nuň 30 mi­nu­ty dol­man­ka 4–0 öňe saý­la­nan “Lio­nyň” gol­la­ry­ny Jen­ni­fer Ma­ro­žan (5) bi­len nor­we­gi­ýa­ly ýyl­dyz fut­bol­çy Ada He­ger­berg (14, 19, 30) der­we­zä gi­riz­di. Ka­ta­lon­la­ryň ýe­ke-täk pök­gü­si­ni bol­sa, 89-njy mi­nut­da La­mi­na Oşoa­la öz ady­na ýaz­dyr­dy.
2001-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän bu ýa­ryş­da “Lio­nyň” 6, “Frank­fur­tyň” (Ger­ma­ni­ýa) 4, “Umea­nyň” (Şwe­si­ýa), “Tur­bi­ne Pots­da­myň” hem-de “Wolfs­bur­gyň” (iki­sem Ger­ma­ni­ýa) 2, “Ar­se­nal” (Ang­li­ýa) bi­len “Du­is­bur­gyň” (Ger­ma­ni­ýa) 1 çem­pi­on­ly­gy bar.