Wo­leý­bol bo­ýun­ça er­kek­dir ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň fi­nal oýun­la­ry Ger­ma­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ber­lin­de ge­çi­ri­lip, iki­sin­de-de ital­ýan klub­la­ry ýe­ňiş ga­zan­dy. Er­kek­le­rin ara­syn­da­ky fi­nal­da “Ku­çi­ne-Lu­be” 4 ýyl bä­ri çem­pi­on bo­lup gel­ýän Ka­za­nyň “Ze­nit” to­pa­ry­ny 3:1 (16:25, 25:15, 25:12, 25:19) ha­sa­by bi­len ýeň­di. “Ku­çi­ne-Lu­be” to­pa­ry bu ýa­ryş­da 2002-nji ýyl­dan soň, 2-nji ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy.
Ze­nan­la­ryň ara­syn­da “Igor Gor­gon­zo­la” ge­çen möw­süm 3-nji ýe­ri eýe­län “Imo­ko Wol­leý” (Ko­nel­ýa­no) to­pa­ryn­dan 3:1 (25:18, 25:17, 14:25, 25:22) ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Ita­li­ýa­nyň No­wa­ro şä­he­ri­niň to­pa­ry “Igor Gor­gon­zo­la” hem 2003-nji ýyl­dan soň ikin­ji ge­zek çem­pi­on­lar ku­bo­gy­ny ga­zan­dy.
Möw­sü­miň iň gym­mat­ly oýun­çy­la­ry (MVP) diý­lip, ita­li­ýa­ly wo­leý­bol­çy­lar — er­kek­le­riň ara­syn­da Os­ma­ni Hu­an­to­re­na Por­tu­on­do (“Ku­çi­ne-Lu­be”), gyz­lar­dan bol­sa, Pao­la Ego­ni (“Igor Gor­gon­zo­la”) saý­lan­dy.