NBA-da fi­na­la çy­kan 1-nji to­par bel­li bol­dy. Gün­ba­tar kon­fe­ren­si­ýa­da 4-0 öňe saý­la­nan soň­ky çem­pi­on “Gol­den Steýt War­riors” bas­syr 5-nji ge­zek fi­na­la çyk­dy. Olar Gün­ba­tar kon­fe­ren­si­ýa­nyň fi­na­lyn­da “Port­land Treýl Bleý­zer­si” 4 du­şu­şyk­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1–2-nji du­şu­şyk­la­ry öz meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ren “Gol­den Steýt” de­giş­li­lik­de, 116:94 hem-de 114:111 ha­sap­lar bi­len gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­dy. 3–4-nji oýun­lar­da myh­man­çy­lyk­da “Port­lan­dy” 110:99 hem-de 119:117 (goş­ma­ça wagt­da) ha­sap­lar bi­len ýe­ňip, NBA-nyň fi­na­ly­na ady­ny ýaz­dyr­dy. “Gol­den Steýt” to­pa­ry 1957–1966-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da bas­syr 10 ge­zek fi­na­la çy­kan “Bos­ton Sel­tiks­den” soň, yz­ly-yzy­na iň köp fi­na­la çy­kan 2-nji to­par bol­dy. Onuň fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy Gün­do­gar kon­fe­ren­si­ýa­nyň fi­na­lyn­da du­şuş­ýan “Mil­wa­ki Baks” ýa-da “To­ron­to Rep­tors” bo­lar. 5 du­şu­şyk ta­mam­la­nyp, il­kin­ji 2-sin­de “Mil­wa­ki” ýe­ňiş ga­zan­dy (108:100, 125:103). Öz meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ren 3–4-nji du­şu­şyk­la­ryn­da bol­sa, “To­ron­to” 118:112 hem-de 120:102 ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp, umu­my ha­sa­by deň­le­di. Düýn oý­na­lan 5-nji oýun­da bol­sa, “To­ron­to” myh­man­çy­lyk­da 105:99 üs­tün çy­kyp, 3–2 öňe saý­lan­dy. Iki to­pa­ryň ara­syn­da­ky 6-njy oýun er­tir oý­na­lar.