Formula 1 ýaryşlarynyň rowaýaty sürüjisi, F1-iň 3 gezek çempiony, awstriýaly Niki Lauda 70 ýaşynda aradan çykdy. 1949-njy ýylda Wenada dünýä inen Lauda awtosport ýaryşlaryna Formula 2-de başlaýar. 1974-nji ýylda “Ferrari” toparynyň düzümine goşulan Lauda 1975-nji we 1977-nji ýyllarda F1-iň çempiony bolýar. Ol 1976-njy ýylda-da çempion bolup bilerdi. Emma şol ýyl Germaniýa “Gran Prisinde” heläkçilige uçrap, birnäçe minutlap, ýanyp duran ulagyň içinde galýar. Uly şikes alan Lauda soňky ýaryşa gatnaşyp bilmän çempionlygy Jeýms Hanta aldyrýar. “Brabham” toparynda-da çykyş eden Lauda 1982-nji ýyla çenli 3 ýyllap, hiç ýaryşa gatnaşmaýar. 1982-nji ýylda “McLaren” bilen şertnama baglaşan awstriýaly pilot 1984-nji ýylda F1-däki 3-nji çempionlygyny gazanýar. Soňky ýyllarda saglyk ýagdaýy sebäpli birnäçe gezek operasiýa bolan Lauda “Mercedes” toparynyň ýolbaşçylarynyň biri bolup işleýärdi.