Paýtagtymyz Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen ýokary derejedäki mejlise Russiýanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň hem-de Gyrgyzystanyň ýokary derejeli hökümet wekiliýetleri gatnaşdy.
Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň binasynda geçirilen ýokary derejeli mejlisiň barşynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de wekiliýetiň ýolbaşçylary ilki bilen GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Soňra mejlis hormatly Prezidentimiziň we wekiliýetiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda gysga düzümde dowam etdi. Giňeldilen düzümde geçirilen mejlisde çykyş eden hormatly Prezidentimiz GDA-nyň mümkinçilikleriniň uludygyny hem-de köp taraplydygyny, önümçilik, logistika, ylym hem-de tehnologiýa babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Milli Liderimiz ulag-aragatnaşyk, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjy ýurtlary şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda innowasion ulgamda hyzmatdaşlyk etmek babatda täze maksatnamany taýýarlamaga girişmek boýunça degişli çözgüt kabul etdiler. Bu maksatnama 2030-njy ýyla çenli döwri öz içine alýar.
Mundan başga-da, mejlisiň çäklerinde 2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Russiýanyň teklibi boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini Moskwa şäherinde geçirmek babatda ylalaşyga gelindi.
Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde bolan mejlisinde Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi baradaky Karar kabul edildi. Şol Karar esasynda ýurdumyz şu ýylyň dowamynda bu abraýly gurama başlyklyk edýär. Eýýäm türkmen döwletiniň guramagynda köp sanly ýokary derejedäki maslahatlardyr mejlisler geçirildi. Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda giň mümkinçilikleri özünde jemleýän däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşýar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň dünýäde ykrar edilýändiginiň hem-de onuň daşary-syýasy strategiýasynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.