2019-njy ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň 85-nji maslahatynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu taryhy waka hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýä ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjynyň gyzgyn goldawa eýe bolmagy türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligidir. 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki baş binasynda bu abraýly guramanyň agza döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji maslahaty geçirildi. Şol maslahatyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 21 sany döwlet bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdiler.
BMG-den gelip gowşan bu hoş habar barada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde durlup geçildi. Milli Liderimiz bu taryhy waka mynasybetli ýurdumyzyň halkyny gutlady. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda: “Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmek boýunça uly işleri alyp barýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýär. “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem Bitarap döwletimiziň halkara derejede öňe sürýän teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygyny aýdyň görkezýär. Berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän bu waka ählumumy abadançylyga, parahatçylyga, ösüşe gönükdirilen türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligidir” diýlip bellenilýär.
29-njy maýda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň dowamynda BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, ýurdumyzyň alymlary we bilermenleri çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, bu Kararnama Aralýaka sebitinde ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagy babatda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynda Türkmenistanyň tagallalary uludyr. Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň Aralýaka sebitiniň ýagdaýynyň gowulandyrylmagy üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň işlenilip düzülmegi babatdaky başlangyjynyň hem ähmiýetiniň uludygy bellenip geçildi.
Kabul edilen Kararnamanyň kadalaryna laýyklykda, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi maksady bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işiniň mundan beýläk hem kämilleşdirilmeginiň zerurdygy nygtalýar. Bu Kararnamanyň möhüm bentleriniň biri hem Aralýaka sebiti üçin Ýörite maksatnamanyň işlenilip düzülmeginiň mümkinçiliklerine seretmek, şeýle hem 2019-njy ýylda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti, agza döwletler we Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen degişli geňeşmeleri geçirmek bolup durýandyr.
Azim TUGUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.