Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň döwlet býujetiniň agramly böleginiň durmuş ugruna, ýagny saglygy goraýyş hem-de ylym-bilim pudaklaryna gönükdirilmegi ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn hem-de kämil bilimli bolup ýetişmegine uly itergi berýär.
Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny özgertmek boýunça başyny başlan özgertmeleri hemişe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan has ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda durýar.
Ýurdumyzda döwrebap bilim düzümi döredildi, bilimiň täze usullaryny özleşdirmekde, ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanyldy. Bular bilim ulgamynda halkara üstünlikleriň gazanylmagyna mümkinçilik döretdi.
Ine, ýaňy-ýakynda mekdep okuwçylary hem-de talyp ýaşlar daşary ýurtlarda gatnaşan bilim olimpiadalaryndan baýrakly hem-de buýsandyryjy netijeler bilen dolanyp geldiler. Mekdep okuwçylary 19-26-njy maý aralygynda Hindistanyň Deli şäherinde matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça geçirilen 8-nji Halkara “AMITY” olimpiadasyna gatnaşdylar. Bu bilim bäsleşiginiň netijeleri boýunça türkmen ýaşlary dürli derejede 35 medal gazanmagy başardylar. AMITI uniwersitetinde guralan bu bäsleşikde mekdep okuwçylary birbada birnäçe derejede iki ýa-da üç ýokary derejeli baýraga mynasyp boldular. Örän çekeleşikli geçen bäsleşige 10-a golaý ýurtdan 200-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Türkmen ýaşlary 14 altyn, 12 kümüş we 9 bürünç medalyň eýeleri boldular.
Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Ýoşkar-Ola şäherinde geçirilen Halkara internet olimpiadasyna gatnaşan ýurdumyzyň talyp ýaşlary 7 altyn, 12 kümüş, 9 bürünç medallara mynasyp boldular.
Türkmen ýaşlarynyň bu ýokary derejedäki üstünligi hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Gaýgysyz ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.