“CES 2019” halkara sergisinde “Samsung” we “HARMAN International” kompaniýalary täze sanly abzal panelini görkezdiler. “Digital Cockpit 2019” abzaly kameranyň kömegi bilen sürüjiniň we ýolagçylaryň ýagdaýyny anyklaýar, şeýle hem ol awtomatik usulda ýolagçylaryň kadaly ýagdaýda oturmagyny üpjün edýär. Bu oturgyjyň ýokary derejede oňaýlylygyny görkezýär, ulagyň içki reňkini saýlamaga mümkinçilik döredýär.
Bu ulgamyň kömegi bilen sürüji ulagy ýönekeý görkezmeler esasynda dolandyryp biler. Ses görkezmeleri esasynda ulagyň içiniň gyzgynlygyny, yşyklandyrylyşyny sazlamak mümkinçiligi emele gelýär. Bu görkezmeler 5G tehnologiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu bolsa, ulagda özüňi rahat hem-de ygtybarly duýmaga şert döredýär.
Şadurdy Nazargylyjow,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.