Fran­si­ýa­nyň “Re­nault” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len ita­l­ýan-ame­ri­kan şe­re­ke­ti bo­lan “Fi­at-Chrys­ler”-iň bir­leş­me­gi ba­bat­da de­giş­li gep­le­şik­ler do­wam ed­ýär. Dün­ýä­niň iki sa­ny ägirt uly kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bir­leş­me­gi esa­syn­da has uly aw­tou­lag şe­re­ke­ti­niň dö­re­jek­di­gi ikuç­suz­dyr. “Re­nault” kom­pa­ni­ýa­sy “Nis­san” we “Mit­su­bis­hi” şer­eket­le­ri bi­len bi­le­lik­de bir uly fir­ma­ny eme­le ge­tir­ýär. Ola­ryň ha­ta­ry­na “Fi­at Chrys­ler”-iň hem go­şul­ma­gy bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­nyň bi­le­lik­de önüm­çi­lik alyp bar­ma­gy­na ge­ti­rer. Ýa­po­ni­ýa­nyň To­kio şä­he­rin­de bu ugur­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär.
“Fi­at Chrys­ler” kom­pa­ni­ýa­sy fran­suz şe­re­ke­ti­ne deň şert­ler­de bi­le­lik­dä­ki kon­ser­ni­ dö­ret­mek tek­li­bi bi­len ýüz tu­tup­dy. Ge­le­şi­giň ba­ha­sy­nyň 37 mil­liard dol­la­ra deň bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Ol hem her ýyl 8 mil­li­on­dan 15 mil­lio­na çen­li ulag ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Tä­ze dö­re­dil­jek kon­sern “Volks­wa­gen” hem-de “To­yo­ta” kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan soň­ra dün­ýä­de iň köp ulag ön­dür­ýän üçün­ji to­par bo­lar.

Baýmyrat SOPYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.