Ku­bo­gy alyp bil­me­di
Is­pa­ni­ýa­nyň Şa Ku­bo­gy­ny (Copa del Rey) 11 ýyl­dan soň, “Wa­len­si­ýa” to­pa­ry eýe­le­me­gi ba­şar­dy. Se­wil­ýa şä­he­rin­de oý­na­lan fi­nal­da “Wa­len­si­ýa” to­pa­ry ku­bo­gyň soň­ky 4 ýyl­dan bä­ri ýe­ňi­ji­si “Bar­se­lo­na­ny” 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 21-nji mi­nut­da Ke­win Ga­mei­ro, 33-nji mi­nut­da-da Rod­ri­go “Wa­len­si­ýa­ny” 2–0 öňe saý­la­dy. 2-nji ýa­rym­da, has ta­ky­gy, 73-nji mi­nut­da­ky Lio­nel Mes­si­niň go­ly bir­nä­çe amat­ly pur­sat­la­ry dö­re­den “Bar­se­lo­na” to­pa­ry­na ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. Şun­luk­da, “Wa­len­si­ýa” 8-nji ge­zek Şa Ku­bo­gy­ny eýe­le­di (1941, 1949, 1954, 1967, 1979, 1999, 2008, 2019). “Bar­se­lo­na” bol­sa, bas­syr 2-nji ge­zek go­şa ýe­ňiş ga­zan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni el­den gi­der­di.

Möw­süm­dä­ki 2-nji ku­bo­gy
Por­tu­ga­li­ýa­nyň Ku­bo­gy­na Lis­sa­bon şä­he­ri­niň “Spor­ting” to­pa­ry my­na­syp bol­dy. Paý­tagt­ly­lar fi­nal­da wi­se-çem­pi­on “Por­to” bi­len du­şuş­dy. Oý­nuň esa­sy wag­ty “Spor­ting­den” Da­ni­lo­nyň 45+1 (öz der­we­ze­si­ne) hem-de “Por­to­dan” Soa­re­siň ge­çi­ren gol­la­ry bi­len deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Goş­ma­ça wagt­da-da, 101-nji mi­nut­da Bas Dost “Spor­tin­gi” öňe saý­la­dy. Ýö­ne 120+1-nji mi­nut­da Fe­li­pe ha­sa­by deň­le­di. Oýun­dan soň­ky pe­nal­ti­ler­de 5–4 ar­tyk­maç­lyk gör­ke­zen “Spor­ting” 17-nji ge­zek ýur­duň ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Çem­pio­nat­da so­ňky ge­zek 2002-nji ýyl­da çem­pi­on bo­lan “Spor­ting” to­pa­ry Li­ga­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da-da “Por­to­dan” pe­nal­ti­ler­den soň, üs­tün çy­kyp­dy.

“Ba­wa­ri­ýa­nyň” 12-nji go­şa üs­tün­li­gi
Ger­ma­ni­ýa­nyň Ku­bo­gy (DFB Po­kal) ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da “Ba­wa­ri­ýa” bi­len “Le­ip­sig” du­şuş­dy. Ber­lin­dä­ki Olim­pi­ýa sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da “Ba­wa­ri­ýa” 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. “Ba­wa­ri­ýa­nyň” gol­la­ry­ny Ro­bert Le­wan­dows­ki (29, 85) bi­len Kings­li Ko­man (78) der­we­zä gi­riz­di. Şeý­le­lik­de, “Ba­wa­ri­ýa” 19-njy ge­zek ýur­duň ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. “Ba­wa­ri­ýa” ta­ry­hyn­da 12-nji ge­zek 1 möw­süm­de hem çem­pi­on­ly­gy, hem-de ku­bo­gy ga­zan­dy. Mün­hen­li­ler bu ba­bat­da Ýew­ro­pa­da il­kin­ji ha­tar­da bar­ýar. “Le­ip­sig” bol­sa, ku­bok ýa­ry­şyn­da­ky il­kin­ji fi­na­lyn­dan boş gaýt­dy.

“Bo­rus­si­ýa­nyň” tä­ze trans­fer­le­ri
Soň­ky tap­gy­ra çen­li çem­pi­on­lyk ug­run­da gö­re­şen Dort­mun­dyň “Bo­rus­si­ýa­sy” trans­fer möw­sü­mi­niň res­mi ýag­daý­da baş­la­ma­gyn­dan öň 3 oýun­çy­ny ha­ta­ry­na goş­dy. Dort­mund­ly­lar “Hof­fen­haým” to­pa­ry­nyň 26 ýaş­ly çep gy­ra­ky go­rag­çy­sy Ni­ko Şul­sy (27 mil­li­on ýew­ro), “Bo­rus­si­ýa M.” to­pa­ry­nyň bel­gi­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy­sy Tor­gan Ha­za­rdy (25 mil­li­on ýew­ro) hem-de “Ba­ýer­den” 23 ýaş­ly ne­mes ýa­rym­go­rag­çy­sy Ju­li­an Brand­ty (25 mil­li­on ýew­ro) trans­fer et­di. To­par trans­fer eden 3 oýun­çy­sy bi­le­nem 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy.