Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Ýy­lyň-ýy­ly­na oba zäh­met­keş­le­ri tä­ze üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar. Ine, oba ho­ja­ly­gyn­da ýe­ne-de bir gyz­ga­laň­ly möw­süm baş­lan­dy. Şu ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da ýur­du­my­zyň Ahal, Le­bap hem-de Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da gal­la ora­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz daý­han­la­ry­my­za tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw edip, mö­hüm oba ho­ja­lyk çä­re­si­ne ak pa­ta be­rip­di. Asyl­ly dä­be gö­rä, we­la­ýat­lar­da hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar Be­ýik Bi­ri­bar­dan Wa­ta­ny­my­za hem-de tu­tuş hal­ky­my­za aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk di­leg edip, gal­la ora­gy­na ak pa­ta ber­di­ler.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň çöz­gü­di­ne we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň sü­rüm­li ýer­le­rin­den we­la­ýat­lar­da oba ho­ja­lyk äh­mi­ýet­li ýö­ri­te ýer gaz­na­la­ry dö­re­dil­di. Şo­lar­da paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­na we beý­le­ki oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­re uzak möh­let­le­ýin esas­da, şol san­da bug­daý ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin ýer bö­lek­le­ri bö­lü­nip be­ril­di.
Oba zäh­met­keş­le­ri­ne bu mö­hüm möw­süm­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li al­nyp be­ril­ýän kä­mil teh­ni­ka­lar uly kö­mek bo­lup dur­ýar. Tä­ze teh­ni­ka­lar eke­ran­çy­la­ry­my­za bol ha­sy­ly çalt we ýit­gi­siz ýyg­na­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, “John Dee­re In­ter­na­tio­nal GmbH” (Şweý­sa­ri­ýa) hem-de “Umaх Tra­de GmbH” (Ger­ma­ni­ýa) kom­pa­ni­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan 2017-2020-nji ýyl­lar­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň giň top­lu­my­nyň 3 tap­gyr­da ýur­du­my­za ge­ti­ril­me­gi gal­la ora­gy­nyň göw­ne­jaý al­nyp ba­ryl­ma­gyn­da hem-de beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ýyg­na­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da oba ho­ja­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler hä­zir­ki wagt­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu mö­hüm pu­da­gy­ny hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çy­kar­dy. Ýur­du­myz­da tarp ýer­ler öz­leş­di­ril­ýär, ha­syl­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak we ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, to­hum­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Dün­ýä­niň esa­sy ön­dü­ri­ji­le­ri­niň hä­zir­ki za­man ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy ak bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.
Döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän kö­mek­ler oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri­ tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne hö­wes­len­dir­ýär. “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de, iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Şo­la­ryň ne­ti­je­sin­de, oba zäh­met­keş­le­ri­niň dur­mu­şy ýyl-ýyl­dan go­wu­lan­ýar. Tu­tuş­ly­gy­na ala­nyň­da, bu­la­ryň hem­me­si ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler ber­ýär.
Dä­ne­çi­li­giň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga de­giş­li me­se­le­ler he­mi­şe mil­li Li­de­ri­mi­ziň üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, se­bit­le­riň ekin meý­dan­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de durýar. Şu gün­ler “ak bug­da­ýyň Wa­ta­ny” bo­lan Di­ýa­ry­myz­da ýetişdirilen bol ha­syly ýitgisiz ýygnamakda uly tagallalar edilýär.
Her bir kä­ren­de­çi üçin be­re­ket­li ha­syl onuň bo­le­lin ýa­şa­ma­gy­nyň bin­ýa­dy­dyr, hü­när taý­dan us­sat­ly­gy­nyň sy­na­gy­dyr di­ýip, bel­le­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol­da­wyn­dan ruh­lan­ýan us­sat daý­han­la­ry­my­zyň sa­ny bar­ha art­ýar. Bug­da­ýyň be­re­ket­li bol ha­sy­ly Wa­ta­ny­my­zyň çä­ji­ni beý­gel­dip, top­ra­gy­my­zyň jo­mart­ly­gy­ny, sa­çak­la­ry­my­zyň bol­çu­ly­gy­ny, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny we ýur­du­my­zyň gül­läp ösü­şi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.

Aza­mat AŞY­ROW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.