Te­bi­ga­ty go­ra­mak we te­bi­gy se­riş­de­ler­den re­je­li peý­da­lan­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eko­lo­gi­ýa ba­bat­da­ky sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, daş­ky gur­şa­wyň go­ral­ma­gy­ny, ila­ty­my­zyň ýa­şaý­şy üçin aras­sa, sag­dyn we amat­ly daş­ky gur­şa­wy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ül­kä­mi­ziň her bir kün­je­gi­niň öz­bo­luş­ly te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar. Ýur­du­myz Köý­ten­dag­da­ky di­no­zawr­la­ryň aýak yz­la­ry, Bat­hy­zyň gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi, Kö­pet­da­gyň gen­ji-ha­zy­na­sy bo­lan tä­sin ösüm­lik we haý­wa­nat köp­dür­lü­li­gi, be­re­ket­li Ga­ra­gum säh­ra­ly­gy, go­ja­man Ha­zar deň­zi bi­len we beý­le­ki öz­bo­luş­ly tä­sin­lik­le­riň me­ka­ny hök­mün­de dün­ýä ýü­zün­de bel­li bo­lup, alym­lar­da, sy­ýa­hat­çy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär.
Ýur­du­my­zyň go­rag­ha­na­la­ryn­da jan­ly=jan­dar­la­ry we ösüm­lik­le­ri go­rap sak­la­mak, yl­my taý­dan düýp­li öw­ren­mek, ola­ryň sa­ny­ny art­dyr­mak, gö­zel te­bi­gat­ly ýer­le­ri­mi­zi aýaw­ly sak­la­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler ge­çi­ril­ýär.
5-nji iýun bü­tin dün­ýä­de bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da hem Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni giň­den bel­le­nip ge­çil­di. Bu BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan mö­hüm şan­ly se­ne­le­riň bi­ri­dir. Şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da­ky “Ar­ça­bil” myh­man­ha­na­syn­da “Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň or­ny” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 1972-nji ýyl­da esas­lan­dy­ran Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gini äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge ça­gyr­ýar.
Paý­tag­ty­myz­da gu­ra­lan mas­la­hat­da se­bi­tiň dur­nuk­ly ösü­şi üçin mö­hüm ugur­lar, hu­su­san-da, söw­da, ulag, suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, ener­ge­ti­ka, sy­ýa­hat­çy­lyk we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da­ky bi­le­lik­dä­ki işiň gel­jek­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Suw hyz­mat­daş­ly­gy­ny go­wu­lan­dyr­ma­gyň, aý­ra­tyn-da, ser­he­tüs­ti çäk­ler­de eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ýaý­rat­ma­gyň hal­ka­ra de­re­je­de suw mak­sat­la­ry bo­ýun­ça yla­la­şyk­la­ry ga­zan­mak üçin äh­li de­re­je­de suw hyz­mat­daş­ly­gy­ny iler­let­mek bo­ýun­ça wa­jyp ugur­lar­dy­gy nyg­tal­dy. Şeý­le hem mas­la­hat­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak­da, ýur­duň için­de suw se­riş­de­le­ri­ni dur­nuk­ly do­lan­dyr­mak­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry­nyň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.
Şeý­le hem mas­la­ha­tyň bar­şyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň Se­bit eko­lo­gi­ýa mer­ke­zi bi­len Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ara­syn­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma gol çe­kil­di. Res­mi­na­ma öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­ne, döw­let we se­bit dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.

Nargiza ROZYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.