2018-nji ýylda tutuş dünýäde syýahatçylar 1,7 trillion dollar sarp etdiler. Bu görkeziji 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 4 göterim köpdür. Bu barada Bütindünýä Syýahatçylyk guramasy (UNWTO) habar berdi. Hasabat döwründe halkara syýahatçylyk gezelençleri 6 göterim köpeldi.
Daşary ýurt gezelençleriniň artmagy halkara syýahatçylygyň girdejileriniň köpelmegine getirýär. Häzirki wagtda bu pudak ählumumy eksport hyzmatlarynyň 29 göterimini we harytlaryň we hyzmatlaryň umumy eksportunyň 7 göterimini düzýär. Ol hem dünýä ykdysadyýetinde halkara syýahatçylyk ulgamyny himiýa senagaty, nebitgaz, azyk hem-de awtomobil senagatyndan soňra öňdebaryjy pudaklaryň hataryna çykarýar.
Guramanyň baş sekretary Zurab Pololikaşwiliniň aýtmagyna görä, syýahatçylyk pudagy ösen hem-de ösüp barýan ýurtlarda ýokary ösüş depginine eýe bolýar. Ol hem bu ýurtlarda täze iş orunlarynyň döremegine hem-de ýerli telekeçiligiň ösdürilmegine goşant goşýar. Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde syýahatçylyk pudagynyň girdejisi 7 göterim, Ýewropada bolsa, 5 göterim artdy.