Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýa esasynda döredilen Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzda uly dabaralara beslenip geçirildi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edilipdi.
Türkmenistan bilen bir hatarda, Bütindünýä welosiped güni dünýäniň köpsanly ýurtlarynda hem bellenilip geçildi. Paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi. Halkara Welosipedçileriň birleşiginiň (UCI) başlygy Dawid Lappartýeniň, “ARETI” Halkara kompaniýalar toparynyň Prezidenti I.Makarowyň, şeýle hem dünýä meşhur türgenleriň bu halkara baýramçylygyň hormatly myhmanlary bolmagy hem milli Liderimiziň başlangyjynyň dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezýär. Hormatly Prezidentimiz hem-de dabara gatnaşyjylar ilki Arçabil, soňra Bitarap Türkmenistan şaýollaryndan hereket edip, 15 müň metr aralygy geçeninden soňra arzyly pellehana geldiler.
Türkmen Lideriniň tutuş dünýäde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna hem-de welosiped sportunyň köpçülikleýin ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen möhüm ähmiýetli başlangyjy esasynda halkara baýramçylyk – Bütindünýä welosiped gününde üstümizdäki ýylda hem täze rekordlaryň şaýady bolduk.
Bilşimiz ýaly, geçen ýyl bu baýramçylygyň öňüsyrasynda köpugurly “Aşgabat” stadionynda welosport boýunça köpçülikleýin türgenleşik sapagy geçirilip, ony Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri welosport boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy hökmünde hasaba alypdy. Giň möçberli welosiped çäresine 3 müň 246 adam gatnaşypdy.
“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda bellenip geçilen halkara baýramçylyk 2019-njy ýyla mahsus häsiýete eýe boldy. Şu ýylky ýurdumyzyň welosiped söýüjileriniň goýan rekordy bu san bilen hem baglanyşykly boldy. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Olimpiýa şäherçesinde bir hatar boýunça iň dowamly welosipedli ýöriş guralyp, ol hem “Guinness World Records”-yň ýokary bahasyna mynasyp boldy. 2 müň 19 welosipedçi biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzüldiler we Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy geçdiler. Şeýle uly göwrümli çäre 2019-njy ýylyň 3-nji martynda Hindistanda goýlan rekordyň täzelenmegine getirdi. Bu waka “Guinness World Records” kompaniýasy tarapyndan bellige alyndy we degişli güwänama bilen tassyklanyldy. Ol güwänama hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabarada gowşuryldy. Mundan başga-da, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler, köp sanly sport çäreleri geçirildi.
Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sportunyň hem täze ösüşe eýe bolýandygyny bellemek gerek. Bu sportuň ösdürilmegi babatda köp işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Öňümizdäki ýyllarda bu ugurda paýtagtymyzda halkara ýaryşlar geçiriler. Halkara Welosipedçileriň birleşiginiň (UCI) başlygy Dawid Lappartýeniň habar berşi ýaly, 2021-nji ýylda welotrek boýunça Dünýä çempionaty ýurdumyzda geçiriler. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesindäki häzirki zaman ýapyk welotregi bu geçiriljek ýaryşyň merkezine öwrüler. Onuň welosiped ýodajyklary ähli ölçegler boýunça degişli halkara standartlara hem-de şunuň ýaly desgalara bildirilýän döwrebap talaplara laýyk gelýär. Bu ýerde döredilen şertler iri halkara ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny guramaga mümkinçilik berýär. Welosiped toplumynyň çäginde ähli zerur düzümler – 6 müň orunlyk tomaşaçylar münberi, türgenler we tälimçiler, tehniki hem-de hyzmat ediş işgärleri üçin ýörite otaglar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem soňlugy bilen 2026-njy ýylda ýurdumyzda welosport boýunça adaty ýol ýaryşynyň hem geçirilmeginiň göz öňünde tutulmagy, bu sportuň Türkmenistandaky abraýyny has-da belende galdyrmaga ähli mümkinçilikleri döreder.
Şeýlelikde, Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda ýapyk welotregiň işe girizilmegi milli welosiped sporty hereketiniň taryhynda täze sahypany açdy. Bu desganyň hiline Welosipedçileriň halkara birleşiginiň hünärmenleri hem ýokary baha berdiler.
Adam saglygyny, ozaly bilen bolsa, ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladany döwlet ähmiýetli ilkinji wezipe hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiziň welosipede erk etmek babatdaky şahsy göreldesi ýaşlaryň barha köp sanlysyny sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga çekýär. Ol hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr.
Jeýhun GELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
mugallymy.