Şu ýy­lyň 6-8-nji iýu­ny araly­gynda Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de Hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­my ge­çi­ril­ýär. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti hem gat­naş­ýar. Ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti fo­ru­myň umu­my mej­li­si­ne gat­naş­dy, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki döw­let­ler hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň bir­nä­çe­si­ni ge­çi­rer.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da her ýyl “Ros­kong­ress” gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän bu hal­ka­ra fo­ru­ma şu ge­zek Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pin, Bol­ga­ri­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ru­men Ra­dew, Er­me­nis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ni­kol Pa­şin­ýan, Slo­wa­ki­ýa­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy Pe­ter Pel­leg­ri­ni, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş Sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş we köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lar ça­gy­ryl­dy. Hal­ka­ra fo­ru­myň umu­my mej­li­sin­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin hem çy­kyş et­di.
Pe­ter­bur­gyň hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­my dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy we işe­wür­lik ba­za­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu fo­rum 1997-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. 2006-njy ýyl­dan bä­ri bol­sa, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýär. Şol ge­çen ýyl­lar­da fo­rum hal­ka­ra yk­dy­sa­dy me­se­le­le­ri­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy meý­dan­ça­sy­na öw­rül­di. Bu hal­ka­ra fo­ru­myň has giň ge­ri­me eýe bol­ýan­dy­gy­na kä­bir my­sal­lar hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Şu ge­zek­ki fo­ru­ma umu­my maýasy 15 tril­li­on dol­la­ra deň bo­lan dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­dan ma­ýa­dar­lar gat­naş­ýar.
Fo­ru­myň çäk­le­rin­de 150-den gow­rak dür­li möç­ber­de çä­re­ler gu­ral­ýar we olar­da 1000-e go­laý adam çy­kyş ed­ýär. 1700-den gow­rak dür­li de­re­je­dä­ki işe­wür­li­ker gat­naş­ýar. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de köp mil­liard­lyk şert­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ge­çen ýyl bu fo­ru­ma 143 ýurt­dan 17 müň­den gow­rak we­ki­li­ýet gat­naş­dy.
Hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­myň esa­sy mow­zu­gy dur­nuk­ly ösüş ul­ga­my bol­dy. Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de dur­nuk­ly ösü­şiň ga­za­nyl­ma­gy ba­bat­da dür­li çy­kyş­lar edil­di. Dur­nuk­ly ösüş daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, gel­jek­ki ne­sil­ler göz öňün­de tu­tu­lyp, te­bi­gy baý­lyk­la­ry ne­ti­je­li ulan­mak ýa­ly ugur­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Sankt-Pe­ter­burg şä­he­ri bu ge­zek­ki fo­ru­ma 180 mil­liard rubl­dan gow­rak 20 tas­la­many hö­dür­le­di.