Dün­ýä tej­ri­be­si­niň gör­ke­zi­şi ýa­ly, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­mek­de äti­ýaç­lan­dy­ryş äh­li ho­ja­lyk iş­le­ri­niň mö­hüm gu­ra­ly bo­lup dur­ýar. Äti­ýaç­lan­dy­ry­ş işi äti­ýaç­lan­dyr­ýan­la­ry ma­li­ýe we dur­muş ba­ba­tyn­da düýp­li öz­ger­me­ler­den, dür­li te­bi­gy ha­dy­sa­lar­dan we bet­bagt­çy­lyk­lar­dan, eko­lo­gi­ýa taý­dan zy­ýan­ly önüm­çi­lik­ler­den go­ra­ma­ga ukyp­ly se­riş­de­le­riň bi­ri­ hasaplanýar.
Hä­zir Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de da­şa­ry ýurt ma­ýa­sy­ny öz­leş­dir­ýän köp­ san­ly iri kom­pa­ni­ýa­lar hem iş­le­ýär, mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýö­red­ýän “Açyk ga­py­lar” hem-de giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň aýdyň ne­ti­je­sidir. Türk­men ba­za­ry­ny üs­tün­lik­li öz­leş­dir­ýän da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry äti­ýaç­lan­dy­ryş go­ra­gy­nyň usu­ly­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da döw­let eýe­çi­li­gin­dä­ki kär­ha­na­la­ry hu­su­sy­laş­dyr­mak işi ama­la aşy­ryl­ýar. Äti­ýaç­lan­dy­ry­şyň bat­ly dep­gin­ler bi­len ös­me­gi we ula­nyl­ýan çäk­le­ri­niň gi­ňel­dilme­gi onuň dür­li gör­nüş­le­ri­niň iş­jeň ösü­şi, kär­ha­na­la­ryň öz-özü­ni ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge geç­me­gi, öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­ny do­ly hem-de wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­ra­da jo­gap­kär­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len bi­le­lik­de ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar.
Mil­li sal­gyt sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi köp ba­bat­da döw­le­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­nuk­ly ösü­şi­ni kes­git­le­ýär. Sal­gyt sy­ýa­sa­ty döw­let dur­mu­şy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nen­dir, çün­ki ýurt­da ösen dur­muş dü­zü­mi­niň üp­jün edil­me­gi, sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, dur­muş, je­ma­gat ho­ja­ly­gy eda­ra­la­ry­nyň işi, mil­li yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ryň we uly möç­ber­li se­na­gat tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Sal­gyt­dan ge­lip go­wuş­ýan se­riş­de­ler howp­suz­ly­gy, ma­li­ýe dur­nuk­ly­ly­gy­ny we äh­lu­mu­my çök­gün­li­li­giň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­niň öňün­de yk­dy­sa­dy ul­ga­my­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýär.
Şo­ňa gö­rä-de, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan uly möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry esasynda ýur­du­myz­da hä­zir­ki za­man ýag­daý­la­ry­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da mil­li sal­gyt ka­nun­çy­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Di­ňe bir sal­gyt gul­luk­la­ry­nyň iş­gär­le­ri üçin däl, eý­sem, bäh­bit­le­ri we hu­kuk­la­ry döw­let ta­ra­pyn­dan go­ra­lan sal­gyt tö­leý­ji­le­r üçin hem sal­gyt ul­ga­my­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mek, örän ta­kyk hem düş­nük­li bolmagyny gazanmak bo­ýun­ça we­zi­pe­ler üstünlikli çö­zül­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň sal­gyt sy­ýa­sa­ty, bir ta­rap­dan, sal­gyt ka­nun­çy­ly­gy­nyň usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­me­gi hem-de onuň ber­jaý edil­me­gi­ne gö­zeg­çi­li­gi güýç­len­dir­me­gi, sal­gyt­la­ry tö­le­me­gi üp­jün et­mek bo­ýun­ça çä­re­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi göz öňün­de tut­ýar, beý­le­ki ta­rap­dan bol­sa, ma­ýa go­ýum iş­le­ri­ni, se­na­ga­tyň stra­te­gik pu­dak­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mä­ge, hu­su­sy te­le­ke­çi­le­riň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ma­ga we ola­ry gol­da­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Nä­zik Hu­daý­ber­di­ýe­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.