Ýakyn wagtda ulaglaryň tekerleriniň daşky keşbiniň has-da özgerdilmegine garaşylýar. “Michelin” topary we “General Motors” konserni bilelikde ýeňil awtoulaglar üçin täze UPTIS howasyz tekerleri işläp düzmek kararyna geldiler. Howasyz tekerler ilkibaşda lunohodlar üçin döredildi. Tekerde howanyň ýerine polimer simler ulanyldy. Bu hem lunohodlaryň bökdençsiz hereket etmegine mümkinçilik berdi.
Ýeňil awtoulaglar üçin öndüriljek UPTIS tekerleri täze kompozit materiallaryndan dörediler. Olar ýeňil awtoulaglaryň ýüküni götermäge, tizligini we depginini saklamaga şert döreder. Bu innowasion çözgüt wagtyň geçmegi bilen gysylan howa bilen hereket edýän tekerlerden ýüz öwürmäge mümkinçilik berer. Onuň ilkinji synagy “Chevrolet Bolt EV” elektrokarynda amala aşyrylar. Howasyz tekerleriň dünýä bazaryna 2024-nji ýylda çykmagyna garaşylýar. Täze tekerleriň ýene-de bir aýratyn tarapy olary öndürmek üçin az mukdarda çig mal sarp ediler. Tutuş dünýäde her ýyl ortaça deşilen we ulanyşdan galan 200 million teker zyňylýar. “Michelin” toparynyň täze harydy bolsa berk, çydamly we uzak ömürli bolar.