Go­laý­da Tai­land­da ýer­li du­ri­an mi­we­si­niň köp­çü­lik­le­ýin söw­da sa­tu­wy ge­çi­ril­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýa­kym­syz ysy bo­lan du­ri­an mi­we­si ýer­li te­le­ke­çi ta­ra­pyn­dan 43 müň ýew­ro sa­tyn alyn­dy. Söw­da sa­tu­wyn­da bu mi­wä­niň 9 gör­nü­şi hö­dür­len­di. Saöw­da sa­tu­wyn­da ga­za­ny­lan pul se­riş­de­le­ri ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­ri­ne gö­nük­di­ril­di.
Du­ri­an – Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ryn­da ýe­tiş­ýän mi­we. Ol dün­ýä­de iň bir ýa­kym­syz ys­ly mi­we­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýö­ne bu tro­pi­k mi­we Azi­ýa ýurt­la­ryn­da, esa­san hem, Hy­taý­da, Tai­land­da we Fi­lip­pin­ler­de go­wy gö­rül­ýär.
Mun­dan ozal, Tai­land­da bu mi­wä­niň 9 gör­nü­şi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bol­sa­-da, soň­ky ýyl­lar­da “Mon­tong” gör­nü­şi has köp ekil­ýär. Ony ýyg­na­lan­dan soň­ra 20 gü­ne go­laý sak­la­mak bo­lar.