Tu­tuş dün­ýä­de teh­no­lo­gi­ýa­nyň iň yk­jam gör­nüş­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga bo­lan is­leg bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Bu ugur­da önüm ön­dü­ri­ji­ler müş­de­ri­le­riň is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, tä­ze ne­sil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan has köp peý­da­lan­ma­ga çe­me­leş­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da 5G ul­ga­my has giň­den gy­zyk­lan­ma dö­re­dýär. Şo­nuň üçin bu ul­gam bi­len iş­le­ýän smart­fon­lar köp­le­riň ün­sü­ni çek­ýär. Yk­jam te­le­fon­la­ry ön­dür­ýän iri kom­pa­ni­ýa­lar hem bu ugur­da ta­gal­la ed­ýär­ler.
Hy­ta­ýyň dün­ýä bel­li ZTE kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň iýul aýyn­da özü­niň il­kin­ji 5G ul­gam­ly “Axon 10 Pro” ky­sym­ly smart­fo­ny­ny sa­tu­wa çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu te­le­fon 8 öý­jük­li “Snapd­ra­gon 855” pro­ses­sor­ly, 6 gi­ga­baýt ope­ra­tiw ýa­dy hem-de “And­ro­id 9.0 Pie” ul­ga­my bi­len iş­lär. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa Hy­ta­ýyň iri bö­lek sa­tuw mer­kez­le­ri bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­ýär. Önüm ön­dü­ri­ji­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, 5G ul­gam­ly smart­fon­lar ar­ka­ly iň ýo­ka­ry tiz­lik­de hem-de çalt­lyk­da ö­zü­ňe ge­rek mag­lu­mat­la­ry alyp bol­ýar we on­laýn oýun­la­ry oý­na­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Tä­ze smart­fo­nyň ýe­ne-de bir aý­ra­tyn­ly­gy 3 sa­ny ka­me­ra­sy bo­lup, ola­r 48 we 20 me­ga­pik­sel du­ru­lyk­da su­ra­ta dü­şür­ýär.
Hy­ta­ýyň Se­na­gat we in­for­ma­ti­za­si­ýa mi­nistr­li­gi 5G ul­ga­myn­dan peý­da­lan­mak üçin il­kin­ji rug­sat­na­ma­la­ry ber­di. Ony “Chi­na Te­lecom”, “Chi­na Mo­bi­le”, “Chi­na Unicom” ope­ra­tor­la­ry hem-de “Chi­na Broadcas­ting Net­work” te­le­ra­dio kor­po­ra­si­ýa­sy al­dy.

Azat SETDAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.