Ys­sy ho­wa­da teş­ne­li­gi gan­dyr­ýan iň go­wy iç­gi­niň al­ma şi­re­si­di­gi mä­lim edil­di. Onuň hem suw bilen ga­ry­lan gör­nü­şi­niň has ýa­kym­ly­dy­gy anyk­lan­dy. Bu ba­ra­da Rus­si­ýa­nyň Mi­we­li iç­gi­le­ri ön­dü­ri­ji­ler ge­ňe­şi­niň tas­la­ma ýol­baş­çy­sy Lýud­mi­la Ho­miç ha­bar ber­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, su­wa ga­ry­lan al­ma şi­re­si­niň teş­ne­li­gi gan­dyr­mak­da hem-de adam be­de­nin­dä­ki duzuň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny di­kelt­mek­de peý­da­lydy­gy we amat­ly­dy­gy bel­le­nip ge­çil­di.
Rus bi­ler­me­ni bu ba­ra­da Ka­na­da­nyň alym­lar to­pa­ry­nyň yl­my-bar­lag işlerini ge­çi­ren­di­gi­ni mä­lim et­di. Alym­la­ryň ge­len ne­ti­je­si­ne gö­rä, bu iç­gi­niň luk­man­çy­lykda içe­ge­ler­dä­ki bo­zul­ma­lar­da su­wu­ny çek­dir­mek üçin ula­ny­l­ýan ýö­ri­te su­wuk­lyk­lar­dan (elekt­ro­lit) hem ne­ti­je­li­di­gi aý­dy­lyp ge­çil­di. Bu ýag­daý şi­re­li iç­gi­le­riň dü­zü­min­dä­ki baý ka­liý bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bi­ler­men­ler ys­sy ho­wa­da tur­şum­tyk iç­gi­le­ri suw bi­len ga­ryp iç­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Şeý­le hem gök önüm­ler­den taý­ýar­la­nan iç­gi­le­ri iç­me­giň peý­da­ly­dy­gy, se­bä­bi ola­ryň dü­zü­min­de şe­ke­riň az go­şun­dy­sy­nyň bar­dy­gy bel­le­nip ge­çil­ýär.

Ilaman JUMAŞOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.