Koreýaly alymlar kömürturşy gazyndan energiýa öndürmegiň innowasion usulyny oýlap tapdylar. Bu açyş arzan elektrik energiýasyny öndürmäge hem-de ählumumy maýylganlyk meselesine çözgüt tapmaga mümkinçilik berer.
Ulsan ylym we tehnika institutynyň uly ylmy işgäri Kim Gyn The bu açyşyň daşky gurşawdaky kömürturşy gazyndan we 2 katalizatordan elektrik energiýasyny öndürmäge hem-de arassa wodorod almaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu ulgamda himiki we elektrohimiki täsirleşmäniň geçmegi adatydyr we şeýle ýagdaýy söwda maksatly hem ulanyp bolar.
Alymlar kömürturşy gazyny suwa garyp, täze ulanyş usulyny gözden geçirdiler. Köp sanly ýerli himiýa kompaniýalary we metallurgiýa zawodlary bu innowasion himiýa işi bilen gyzyklanyp ugradylar. Bu ýagdaý şeýle kärhanalarda kömürturşy gazynyň howa goýberilmeginiň öňüni almaga şert döreder. Synag işleri tamamlanandan soňra bu usuly ýurduň senagat desgalarynda ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Arzan elektrik energiýasy bilen bir hatarda öndüriljek wodorody awtoulaglarda hem ulanmak bolar.
Baýramgylyç ALTYBAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.