Fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­niň iň söý­gü­li bäs­le­şi­gi ha­sap­lan­ýan UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­ny Ang­li­ýa­nyň “Li­wer­pul” to­pa­ry eýe­le­di. Ge­çen ýyl 2-nji ýe­ri eýe­län “Li­wer­pul” Is­pa­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Mad­rid­dä­ki “Wan­da Met­ro­po­li­ta­no” sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da baş­ga bir iň­lis to­pa­ry “Tot­ten­ham” bi­len du­şuş­dy. Slo­we­ni­ýa­ly Da­mir Sko­mi­na­nyň jür­le­wük ça­lan oý­nu­na 63272 jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Oý­nuň eý­ýäm 2-nji mi­nu­tyn­da ha­sap açyl­dy. Du­şu­şy­gyň 24-nji se­kun­dyn­da emin Sko­mi­na je­del­li­räk pur­sat­da to­puň Sis­so­ko­nyň eli­ne de­gen­di­gi­ni na­zar­lap, VAR-yň mas­la­ha­ty bo­ýun­ça ak no­ka­dy gör­kez­di. Sa­lah bol­sa, bu pe­nal­ti­ni dürs urup, to­pa­ry­ny 1–0 öňe saý­la­dy. Şon­dan soň, “Li­wer­pul” az­da-kän­de oý­ny go­rag­da ge­çi­rip, gar­şy­da­şy­nyň hü­jüm et­me­gi­ne yg­ty­ýar ber­di. Ne­ti­je­de, 1-nji ýa­rym­da baş­ga gol bol­ma­dy. 2-nji ýa­rym­da-da “Tot­ten­ha­myň” eden hü­jüm­le­ri ne­ti­je ber­me­di. Ýat­da ga­lan pur­sat­la­ryň bi­rin­de Hyn Min-So­nuň uzak­dan uran ur­gu­sy­ny der­we­ze­çi Al­li­son sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Oý­nuň 58-nji mi­nu­tyn­da meý­dan­ça gi­ren Di­wok Ori­ji 87-nji mi­nut­da ha­sa­by 2–0-a çy­ka­ryp, du­şu­şy­ga soň­ky no­ka­dy goý­dy. Şeý­le­lik­de, 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Li­wer­pul” ta­ry­hyn­da­ky 6-njy Çem­pi­on­lar li­ga­sy ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. 1977-nji, 1978-nji, 1981-nji, 1984-nji, 2005-nji ýyl­lar­da-da bu ar­zy­ly ku­bo­gy alan “Li­wer­pul” umu­my sa­naw­da 5 ge­zek ýeň­şi bo­lan “Ba­wa­ri­ýa” hem-de “Bar­se­lo­na­dan” öňe saý­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da “Li­wer­pul” to­pa­ry 13 ku­bok­ly “Re­al Mad­rid­den” hem-de 7 ku­bok­ly “Mi­lan­dan” soň, 3-nji ha­tar­da bar­ýar. To­pa­ryň tä­lim­çi­si Ýur­gen Klopp UEFA-da­ky 4-nji, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky 3-nji fi­na­lyn­da ku­bo­gy al­ma­gy ba­şar­dy.