Il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän UEFA Mil­let­ler li­ga­syn­da fi­na­la çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. Por­tu­ga­li­ýa­da ge­çi­ril­ýän fi­nal tap­gy­ry­nyň du­şu­şyk­la­ryn­da ýa­rym fi­nal­da ýer eýe­le­ri por­tu­gal­lar Şweý­sa­ri­ýa­ny, Gol­lan­di­ýa bol­sa Ang­li­ýa­ny 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Por­to­da­ky “Dra­gao” sta­dio­nyn­da oý­na­lan Por­tu­ga­li­ýa—Şweý­sa­ri­ýa du­şu­şy­gyn­da su­per ýyl­dyz Kris­tia­no Ro­nal­do het-trik edip, to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. 34 ýa­şyn­da­ky oýun­çy 25-nji, 88-nji we 90-njy mi­nut­lar­da bi­ri-bi­rin­den owa­dan gol­lar ge­çi­rip, mil­li to­par­da­ky 7-nji het-tri­gi­ni et­di. Şweý­sar­la­ryň ýe­ke-täk go­lu­ny 57-nji mi­nut­da Fe­liks Bry­hyň VAR-yň kö­me­gi bi­len bel­län pe­nal­ti­si­ni dürs uran Ri­kar­do Rod­ri­ges ge­çir­di. Bu oýun­da 3 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Ro­nal­do­nyň mil­li to­par­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny 88-e ýet­di. Ol hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da 109 gol ge­çi­ren eý­ran­ly Ali Daei­den soň, 2-nji ha­tar­da bar­ýar.
Beý­le­ki ýa­rym fi­nal­da-da Gol­lan­di­ýa bi­len Ang­li­ýa du­şuş­dy. Fran­si­ýa­ly Kle­men Tur­pe­niň emin­lik eden du­şu­şy­gyn­da il­kin­ji bo­lup ha­sa­by iň­lis­ler aç­dy. 32-nji mi­nut­da bel­le­nen pe­nal­ti­ni dürs uran Mar­kus Reş­ford iň­lis­le­ri öňe saý­la­dy. Oý­nuň 73-nji mi­nu­tyn­da Mat­tiýs De Lig­hy kel­le ur­gu­sy bi­len ha­sa­by deň­le­di. Oý­nuň esa­sy wag­ty 1–1 deň­lik­de ta­mam­lan­dy. 97-nji mi­nut­da oý­na soň­dan go­şu­lan Ku­in­si Pro­me­siň ur­gu­sy Kaýl Wol­ke­re de­gip, der­we­zä gir­di. 115-nji mi­nut­da-da go­rag­çy­la­ryň gö­dek ýal­ňyş­ly­gyn­dan soň, Pro­mes oý­na soň­ky no­ka­dy goý­dy (3-1). Şeý­le­lik­de, Gol­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy er­tir­ki oý­nal­jak fi­nal­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň gar­şy­da­şy bol­ar. Por­to­da­ky “Dra­gao” sta­dio­nyn­da oý­nal­jak fi­nal du­şu­şy­gy er­tir Aş­ga­bat wag­ty bilen 23:45-de baş­la­nar.